Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolfang Amadeus Mosartyň ölüminiň 220 ýyllygy


Mosart 1756-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Awstriýanyň Zalzburg şäherinde doglup, 1791-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Wenada aradan çykypdy.
Mosart 1756-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Awstriýanyň Zalzburg şäherinde doglup, 1791-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Wenada aradan çykypdy.

Wolfang Amadeus Mosartyň aradan çykmagyna şu gün 220 ýyl dolýar. Mosart 1756-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Awstriýanyň Zalzburg şäherinde doglup, 1791-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Wenada aradan çykypdy.


Tanymal saz genisi saz gurallaryny çalmaga we saz düzmäge 5 ýaşyndaka başlapdy. Ol iň bir dörediji we talantly kompozitorlaryň biri hökmünde taryha girdi. Mosart öz ömrüniň dowamynda 600-den gowrak saz eserini ýazdy. Bu eserleriň arasyna 41 sany simfoniýa, 27 sany pianino konsert sazlary, 20-den gowrak opera sazlary we dünýä belli “Eine Kleine Nahtmuzik” (kiçijik serenada) melodiýasy bar. Aýdylmagyna görä, Mosartyň ýazan sazlaryny bir-birden durman çalanyňda 8 günden gowrak wagyňy alyp biler.

please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00
Ýükle


please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00
Ýükle


please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00
Ýükle


please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00
Ýükle


please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00
Ýükle


Mosartyň iň meşhur opera sazlarynyň arasynda “Figaronyň öýlenmegi”, “Jadyly tüýdük” we “Don Jowanni” hem bar. Şeýle hem ol “Rekwiýem köpçüligi” sazy bilen tanalýar. Bu sazyň döreýşi dünýä belli çeh režissýory Miloş Formanyň meşhur filminde çeper suratlandyrylýar. Emma tutuşlygyna diýen ýaly Pragada düşürilen bu film biografiýa däl-de, taryhy wakalaryň çeper beýany hökmünde döredilipdi. Mosartyň özi birnäçe ýyl Pragada ýaşapdy, “Stawowske Diwadlo” teatryndaky dünýä premýerasynda“Don Jowannä” dirižýorlyk edipdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:00:26 0:00
Ýükle


please wait

No media source currently available

0:00 0:00:43 0:00
Ýükle


Öz döwründe Mosart örän giňden tanalýardy. Ol Ýewropanyň esasy teatrlarynda we patyşalyk üýşmeleňlerinde çykyş edipdi, emma puly gazanyşyndan çalt sowýardy. Mosart 35 ýaşynda böwreginden dert tapyp ýogalan mahaly garyp ýaşaýardy, bergidedi. Ol bellik edilmedik mazarda jaýlandy.

Käbir adamlar Mosarty häzire çenli dünýäde ýaşap geçen kompozitorlaryň iň beýigi hökmünde ykrar edýärler. Ençeme kompozitorlar belli bir ugur boýunça eser döredýän bolsalar, Mosart sazyň tas ähli görnüşi boýunça eserleri – wokal sazlary, konsert sazlaryny, kamera sazlaryny, simfoniýalary, sonatalary we opera sazlaryny döredipdi.
XS
SM
MD
LG