Sepleriň elýeterliligi

Prezidentlige dalaşgärleriň hödürlenmegine garaşylýar


Ýurdy demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekligi yglan etmek bilen, Berdimuhamedow soňky iki ýylyň dowamynda iki sany beýanat bilen çykyş etdi.

Ýurdy demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekligi yglan etmek bilen, Berdimuhamedow soňky iki ýylyň dowamynda iki sany beýanat bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji dekabrda Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň gurultaýynyň geçiriljekdigini yglan etdi. 2-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisininde eden çykyşynda Berdimuhamedow bu gurultaýa möhüm syýasy çäre hökmünde baha berdi.

Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary barada gürrüň edip, nobatdaky saýlawlaryň birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagynda, “hakyky bäsleşik esasynda, demokratik, erkin we aç-açanlyk ýörelgelerine laýyklykda” geçiriljekdigini nygtady.

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, häzirki döwürde Türkmenistanyň prezidentiniň 2012-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, zerur bolan taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky kanuna laýyklykda, prezidentlige dalaşgärler saýlawlardan iki aý öň teklip edilmeli. Şol sebäpli hem 15-nji dekabrda geçiriljek Umumilli “Galkynyş” hereketiniň gurultaýynda prezidentlige kandidatlaryň hödürlenilmegine garaşylýar. Bu kanuna görä, prezidentlige kandidatlyga hasaba durmak üçin dalaşgär bir syýasy partiýa tarapyndan hödürlenmeli ýa-da özüni goldaýan azyndan 50 müň ses toplamaly. Häzire çenli bu mesele açyk bolmagynda galýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, 2007-nji ýylda bolşy ýaly, nobatdaky 2012-nji ýylyň prezident saýlawlarynyň hem demokratik prinsipler esasynda erkin we aç-açan ýagdaýda geçiriljekdigini, türkmen jemgyýetiniň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmakda bu wakanyň ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Ýurdy demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekligi yglan etmek bilen, Berdimuhamedow soňky iki ýylyň dowamynda iki sany beýanat bilen çykyş etdi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda eden beýanatynda prezident ýurtda syýasy partiýalary döretmek baradaky inisiatiwalaryň goldanyljakdygyny we ýylyň dowamynda şeýle partiýalaryň dörediljekdigini aýtdy. Şeýle hem 2011-nji ýylyň iýul aýynda Berdimuhamedow özüni oppozision partiýalaryň lideri hasaplaýanlar bilen bäsleşmäge özüniň taýýardygyny yglan etdi.

Demokratiýanyň esasy häsiýetleri

Ýos Bunstra Brýusselde ýerleşýän EUCAM - Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasynyň başlygy, şeýle hem düýbi Ispaniýada ýerleşýän “Fride” analiz merkeziniň spesialisti. Ol Türkmenistandaky syýasy ýagdaý bilen içgin gyzyklanýar. Bunstra prezident Berdimuhamedowyň oppozisiýa liderlerine prezident saýlawlarynda bäsleşmäge doly mümkinçilik döretjekdigi baradaky kepiline oňaýly baha berýär:

—Ýöne ozaly bilen munuň nähili amala aşjakdygyny görmeli, soňra netije çykarmaly. Häzirlikçe demokratik saýlawlary geçirmekde Türkmenistanyň görkezijisi gowşak bolmagynda galýar. Prezidentiň bu edýän tagallasy, elbetde, gowy ösüş, ýöne bu diňe ýurtda demokratik özgertmeleriň başy bolup biler. Türkmenistan dünýäde iň repressiw ýurt hasaplanýar, şonuň üçin bu proses ýurtda, elbetde, noldan başlandy.

Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň başynda eden çykyşynda ýurtda daýhanlaryň bähbidini ilerletjek agrar partiýasynyň ýa-da haýsy hem bolsa bir syýasy partiýanyň döredilip bilinjekdigini belläpdi. Ýöne şol beýanatdan soň iki ýyla golaý wagtyň geçmegine garamazdan, Türkmenistanda täze syýasy partiýa döredilmedi.

TDH gullugynyň maglumatyna göra, raýatlar tarapyndan goldanylýan Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň demokratik ösüş ýolunyň milli nusgasy bolup durýar. Prezidentiň reformalar baradaky ideýalarynyň türkmen halkynyň mentalitetiniň, durmuş adatlarynyň we ýörelgeleriniň aýratynlyklary esasynda amala aşyrylýandygy nygtalýar.

Bilermen Bunstra hem her bir ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem syýasatynda öz milli aýratynlyklarynyň bolup biljekdigini aýdýar, ýöne ol demokratiýanyň esasy häsiýetleriniň elmydama umumy bolýandygyny nygtaýar:

—Aç-açanlygyň, hasabat beriji hökümetiň, garaşsyz we erkin adalat sistemasynyň bolmagy elmydama demokratiýanyň umumy möhüm häsiýeti bolmagynda galýar. Aýratynlyklar diňe demokratik institutlaryň gurluşynda bolup biler. Mysal üçin, parlamentiň öz işini gurnaýyş milli aýratynlygy bolup biler. Ýöne bu ýerde parlamentiň kanun çykaryjy we kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik ediji funksiýalary möhümdir. Käbir ýalan demokratik ýurtlarda parlamentiň kanun çykaryjy funksiýasy işlese, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik ediji funksiýasy bozulýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynda bäsleşmäge Berdimuhamedowyň oppozisiýa liderlerine ýüzlenip eden çagyryşy hem häzirlikçe iş ýüzünde amala aşyrylman gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG