Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewro zonasy dargaýsa näme bolar?


Tsakloglounyň pikiriçe ýewro zonasy çökse, proteksionistik duýgular artar, onsoň Ýewropa Bileleşigini dowam etdirmek kyn bolar.

Tsakloglounyň pikiriçe ýewro zonasy çökse, proteksionistik duýgular artar, onsoň Ýewropa Bileleşigini dowam etdirmek kyn bolar.

Şu günler ýewro zonasynda Ýewropanyň 17 döwletiniň ýeke-täk pul birligi bolan ýewronyň çökmeginiň mümkindigi, ýöne edil häzir munuň ähtimallygynyň azdygy aýdylýar.

Onuň çökmeginiň mümkindiginiň sebäbi – ýewro zonasyna degişli Italiýa we Gresiýa ýaly gurpsuzrak ýurtlaryň işläp durmagy we bergilerini tölemek üçin karz alýan pullaryna ýokary çykdajy etmeli bolýandygy.

Ýewronyň çökmeginiň entek ähtimal däldiginiň hem sebäbi – bu hökümetleriň çykdajylarynyň barha artýandygyna garamazdan, ýewro zonasyny dargatman saklamaga borçludygy.

Ýöne belli bir derejä çenli kiçeňräk ykdysadyýetli Portugaliýany, Irlandiýany we Gresiýany şu wagta çenli goldap gelşi ýaly, gurply döwletler Italiýa ýaly uly ykdysadyýetli ýurtlary hem goldap bilermi – muny bilýän ýok.

Ekspertleriň köpüsi ýewro zonasy dargasa, oňa sebäp bolan zat gurply döwletleriň gurpsuzlary goldamagy dowam etdirmän bu zonadan çykmagy bolar diýip, pikir edýärler.

Aslynda bu zonanyň "özeni" hasaplanýan demirgazyk döwletleriň bu mümkinçilik barada oýlanýandygyny görkezýän alamatlar hem ýok däl. Muny Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň (London School of Economics) ylmy işgäri Piter Bun Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle düşündirdi:

—Az sanly agza döwletleriň arasynda bir şertnama barada pikir alşyldy. Bu şertnama maliýe sistemasyny köpräk utgaşdyrmagy, merkezleşdirilen döwlet gaznaçylygyny hem öz içine alýar. Şeýdip, iň soňunda ýewro bileleşigine barylar öýdýärin. Meniň pikirimçe, gidiljek ugur şu. Onuň Germaniýany, Fransiýany, Gollandiýany, belki Finlandiýa ýaly ýene birnäçe ýurdy hem öz içine almagy mümkin. Muňa zonanyň gowşak döwletleri alynmaz.

Kiç kime kepillik ýok

Ýöne, ýewro zonasy dargasa, onuň agzalarynyň hiç biri özleriniň ykdysadyýeti dörän bulaşyklykdan zyýan çekmez diýip, umyt edip bilmez. Ýeke bu hem däl, mundan banklar we söwda arkaly ýewro zonasy bilen ilteşikli beýleki ýurtlar hem, dünýäniň niresinde bolsalar-da, zyýan çekerler. Ilki bilen hem kynçylyk çekenler ýewro zonasyna degişli gurpsuz döwletler bolar.

Meşhur kommersiýa banky UBS-niň soňky çaklamalaryna görä, bir gurpsuz döwletiň ýewro zonasyndan çykmagy netijesinde bu ýurduň raýatlary başky ýylda 9,500-11,500 ýewro aralygynda pul ýitirip bilerler. Bu bolsa ýurduň Umumy içerki önüminiň 40-50 prosentine barabar.

Gresiýaly ykdysady syýasat boýunça spesialist, Afiny uniwersitetiniň ylmy işgäri Panos Tsakloglou: "Her zatdan öň, Gresiýa ýaly ýurtlarda ýaşaýyş derejesi ep-esli pesler" diýýär. Ýöne ýeke-täk umyt grek pulunyň hümmetiniň peselmegi netijesinde grek önümleriniň bahasy aşaklap, söwdänyň güýjemegi:

—Pul bileleşigini terk eden ýurtlaryň ýagdaýyndan çen tutsaň, bu ilki 2-3 ýyllyk döwür içinde ykdysady ýagdaýyň aşa ýaramazlaşmagyna getirer. Biz ondan soň hem ýaşaýyş derejesinde boljak gaty güýçli peselişiň gürrüňini edýäris. Ondan soň hem ykdysadyýet Gresiýada ýewro zonasyndaky döwründen has çalt öser. Ýöne bu pes derejeden başlar.

2-nji Jahan urşundan soň ýewropalylar ykdysady taýdan özara baglanyşykly ýewropa ýurtlarynyň arasynda konflikt bolmaz diýen pikire öwrenişdiler. Ýöne, ýewro çökse, bu idealdan bir zat galarmy – bu belli däl. Käbir ekspertler ýewro zonasynyň dargamagy Ýewropa Bileleşiginiň hem dargamagyna getirer diýip, gorky edýärler.

Tsakloglounyň pikiriçe ýewro zonasy çökse, proteksionistik duýgular artar, onsoň Ýewropa Bileleşigini dowam etdirmek kyn bolar:

—Ýewro zonasynyň çöküp, Ýewropa Bileleşiginiň dowam etmegi ýaly ýagdaýa şaýat bolup bileris. Ýöne men syýasy basyş gaty güýçli bolar diýip, pikir edýärin. Diýeli, Gresiýadan has uly bir ýurt çöküp gelýär. Netijede ösen ýurtlaryň käbirinde bank ulgamy çökýär. Sen şular ýaly bir ýurtda saýlawçy bolsaň, bir täze Marşal plany ýa gurluş fondy ýa-da Umumy oba hojalyk syýasaty arkaly bu ýurdy pul bilen üpjün etmäge razy bolarmydyň? Meniň pikirimçe, bu ýurtlar bilen ilteşigiňi kesmek barada uly syýasy gysyş bolar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýewro zonasyny krizisden aman çykarmak üçin tagalla baryny etmeginiň sebäbi, ine, şu.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG