Sepleriň elýeterliligi

“Bütewi Orsýet” partiýasynyň pozisiýasy gowşaýar


Medwedew bilen bilelikde döwlet telewideniýesinde çykyş eden premýer-ministr Wladmir Putin saýlawlaryň netijeleriniň özünde nähili täsir galdyrandygyny aýan etmedi.

Medwedew bilen bilelikde döwlet telewideniýesinde çykyş eden premýer-ministr Wladmir Putin saýlawlaryň netijeleriniň özünde nähili täsir galdyrandygyny aýan etmedi.

4-nji dekabrda Orsýetde geçirilen parlament saýlawlary häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” partiýasyna halkyň goldawynyň gowşandygyny görkezdi. Kremliň tarapdary bolan bu partiýa ýurduň Döwlet Dumasynda iň uly topar bolup galsa-da, eýeleýän orunlarynyň sany azaldy.


Sesleriň 96%-i hasaplanyp, yglan edilen resmi sanlara görä, Orsýetiň Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlara ses bermäge hukukly raýatlaryň 60,2% gatnaşypdyr.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmi sanlaryna görä, “Bütewi Orsýet” partiýasy sesleriň uly bölegine, ýagny 49,5 %-ne eýe boldy.

“Bütewi Orsýet” partiýasy Döwlet Dumasynyň täze düzüminde 238 orun eýeledi. Sesleriň sany boýunça ikinji orunda durýan Orsýet Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy (RFKP) 19,6% ses toplap, Dumada 92 orna eýe boldy. “Sprawedliwaýa Rossiýa”, ýagny “Adalatly Orsýet” partiýasy 13,22% ses bilen 64 orny, “LDPR” Liberal demokratik partiýa bolsa 11,66% ses alyp, 56 orny eýeleýär.

Ýene üç partiýa - “Ýabloko”, “Prawoýe delo” we “Orsýetiň patriotlary” atly partiýalar Dumanyň düzumine girmek üçin zerur 7%-den ybarat resmi çäkden geçip bilmediler.

Häzirki parlament saýlawlary “Bütewi Orsýet” partiýasynyň mundan öňki parlament saýlawlaryna garanda, pozisiýasynyň gowşanlygyny görkezdi. 2007-nji ýylyň saýlawlarynda 64,3 % ses toplan partiýa 450 orunlyk Döwlet Dumasynda ozal 315 orny eýeleýärdi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen bilelikde döwlet telewideniýesinde çykyş eden premýer-ministr Wladmir Putin saýlawlaryň netijeleriniň özünde nähili täsir galdyrandygyny aýan etmedi. Ol: “Bu netijelere daýanyp, biz döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edip bileris” diýdi.

Nämäniň alamaty?

2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanjagyna ynam bildirilýän Putin “Bütewi Orsýet” partiýasyna halk tarapyndan goldawyň gowşamagy bilen bagly ýagdaýa reaksiýa bildirmedik bolsa-da, partiýanyň resmi sanawynda birinji orunda durýan prezident Medwedew häzirki saýlawlaryň netijelerini “iş ýüzündäki demokratiýa” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň oppozision kommunistik partiýasynyň lideri Gennadiý Zýuganow saýlawlaryň netijelerine Orsýetiň raýatlarynyň häkimiýet başyndaky partiýanyň alyp barýan syýasy ugrundan ýüz öwürýänliginiň alamaty hökmünde baha berdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Moskwadaky “Syýasy konýunktura merkeziniň” analitigi Pawel Saliniň pikirine görä, saýlawlaryň netijeleri ors jemgyýetinde çydamsyzlygyň güýçlenýänligini görkezdi.

“Men muny “Bütewi Orsýet” partiýasynyň ýeňlişi diýip atlandyrmazdym. Men muňa diňe bir partiýa üçin däl-de, eýse ýurduň ýolbaşçylary üçin biynjalyklyk döredýän örän çynlakaý jaň diýerdim. Jemgyýetde we jemgyýetçilikde protest duýgulary güýçlendi we häzir bu duýgular oppozision partiýalar tarapyndan ulanylyp bilner” diýip, Salin aýtdy.

Saýalaw güni Moskwada geçirilen oppozision ýörişlerde 100-den gowrak adam tussag edildi. Demonstrantlar “Utanç” we “Bize saýlawlarymyzy gaýdyp beriň” diýen şygarlary öňe sürdüler.

Orsýetiň oppozision partiýalary ses berişligiň gidişinde düzgüni bozmalaryň ençemesiniň bolanlygyny aýtdylar.

Halkara synçylar bolsa saýlawlar guramaçylyk taýdan kadaly geçirilen hem bolsa, hakimiýet başyndaky partiýanyň goşmaça mümkinçiliklerden peýdalananlygyny bellediler. ÝHHG Orsýetde syýasy partiýalaryň hereketiniň we metbugat azatlygynyň çäklendirilmeginiň ses berişligiň hakyky bäsdeşlik esasynda geçirilmegine päsgel berenligini aýtdy.
XS
SM
MD
LG