Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ruhanysy britan ilçihanasyna edilen hüjümi tankytlady


Eýranyň ýokary derejeli ruhanysy geçen hepde Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasyna edilen hüjümi “bikanun” diýip, berk tankytlady.

ISNA habar gullugy aýatolla Ahmed Hatamynyň: “Men daşary ýurt ilçihanalaryna hüjüm edilmegine we olaryň basylyp alynmagyna garşy. Ilçihana hüjüm edilmegi we onuň basylyp alynmagy bir ýurda hüjüm edilen ýaly bikanun” diýendigini habar berdi.

Eýranyň ruhany lideri aýatolla Hameneýä ýakyn ruhany Ahmed Hatamynyň sözlerine görä, “geçen hepde Britaniýanyň ilçihanasyna edilen hüjümi 1979-nji ýylda Amerikanyň Tährandaky ilçihanasynyň basylyp alynmagy bilen deňeşdirmeli däl”.

Şol hüjüm netijesinde ABŞ bilen Eýranyň diplomatik gatnaşyklary kesilipdi.
XS
SM
MD
LG