Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist Baýryýew Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlary barada


Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigi mundan dört aý öň yglan edildi.
Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigi mundan dört aý öň yglan edildi.
“Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanuna laýyklykda, 12-nji dekabrdan geljek ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna kandidatlar hödürlenip başlanar.

Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi kandidatlary hödürlemek çäresiniň syýasy we hukuk taraplary barada Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen gürrüňdeş boldyk.

Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, Türkmenistanda prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigi mundan dört aý öň yglan edildi. Şol geçen wagtyň içinde saýlawlar bilen baglanyşykly nähili işler amala aşaryldy hem geçirilen bolsa, şol çäreleriň ähmiýeti nämeden ybarat?

Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew: Dört aýyň dowamynda adaty guramaçylyk işleri amala aşyryldy. Dürli derejedäki saýlaw toparlary, saýlaw bölümleri, okruglary döredildi. Saýlawçylaryň sanawlary düzüldi. Häkimiýet organlary bu işleri jemgyýetçiligi gatnaşdyrmazdan, häkimiýete garaşly jemgyýetçilik guramalaryň wezipeli adamlarynyň gatnaşmagynda geçirdi. Geçen dört aý geljekki saýlawlaryň azat-erkin, adalatly bolmagy üçin ulanylmady diýseňem boljak.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, nähili çäreler görlende, saýlawlaryň demokratik ülňülere gabat gelmegine täsirini ýetirerdi?

Aşyrguly Baýryýew: Ozal başda saýlawlar yglan edilenden dört aý geçenden soň, prezidentlige kandidatyň kanunlaşdyrylmagynyň netijeli däldigini aýtmak gerek. Bilşimiz ýaly, Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň saýlawlary yglan edilen badyna dalaşgärler görkezilip ugrady. Agitasiýa işleri ýaýbaňlandyrylýar. Bizde bolsa bu möhüm çäre saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, bir aý galanda tamamalanýar. Diýmek, dalaşgär görkezmegiň möhleti bary-ýogy bir aý.

Azatlyk Radiosy: Bu möhleti ýeterlik däl ýa az hasap edýärsiňizmi?

Aşyrguly Baýryýew: Eger-de dalaşgäriň häkimiýetlere garaşly demokratik partiýa, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan görkezilmegi barada aýtsak, onda bu möhlet aňry ýany bilen ýeterlik. Çünki şonda administratiw mümkinçiliklerden peýdalanyljakdygy häzirden bellimikä diýýärin. Dalaşgäriň raýatlar topary tarapyndan görkezilmegi üçin bolsa, elbetde, bir aý ýeterlik däl. Raýatlaryň öz inisiatiwa toparlaryny döretmegi, olary registrasiýa etdirmekleri, öz kandidatlary üçin ses ýygnamaklary, soňra hasaba aldyrmaklary bir aýyň dowamynda ýerine ýetirip boljak ýeňil-elpaý iş däl.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlaryň birnäçe kandidatyň gatnaşmagynda, alternatiw esasda geçiiriljekdigini inkär etmeseňiz gerek? Bir dalaşgäriň häkimiýete garaşly partiýadan, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan görkeziljekdigini çaklamak hem kyn däl, ol şu wagta çenli Türkmenistanda dowam edip gelýän praktika. Beýleki dalaşgärler nähili görkeziler, siziň çaklamaňyz?

Aşyrguly Baýryýew: Häkimiýetler raýatlaryň passiwliginden, syýasy partiýalaryň, döwlete garaşsyz guramalaryň ýoklugyndan peýdalanyp, saýlawlaryň demokratik häsiýetlidigini nygtamak üçin gözboýagçylyga ýüz urup, raýatlar toparlarynyň ýygnaklaryny özleri geçirip, öz bellän kandidatlaryny orta çykararlar diýip oýlanýaryn. Sebäbi şeýleräk pirim Mejlisiň deputatalarynyň geçen saparky saýlawlarynda hem ulanylypdy.
XS
SM
MD
LG