Sepleriň elýeterliligi

Gözegçiler Orsýetdäki saýlawlarda kemçilikleriň bolandygyny aýdýar


Halkara gözegçileri Orsýetde geçirilýän parlament saýlawlarynda häkimiýetiň başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň bähbidine ýykgyn edilendigini, şeýle-de saýlawlarda käbir bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdýarlar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle-de Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň gözegçileriniň bellemegine görä, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda çäkli syýasy bäsleşikde hem adalat meselesinde kemçilikler” bolupdyr.

Gözegçileriň şu günki ýaýradan beýanatynda “ses sanalyşykda käbir prosesual düzgün bozmalaryň bolandygy” hem bellenilýär.
XS
SM
MD
LG