Sepleriň elýeterliligi

Assanj ekstradisiýa kararyny şikaýat edip biler


“Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj özüniň Britaniýadan Şwesiýa ekstradisiýa edilmegi baradaky suduň kararyny Britaniýanyň ýokary suduna şikaýat edip biler. Bu baradaky degişli karary şu gün Londonyň sudy çykardy.

Assanj Britaniýanyň ýokary suduna iki hepdäniň dowamyna ýüz tutup, arz edip bilýär.

Julian Assanj geçen ýyl Şwesiýanyň görkezmesi bilen tussag edilipdi. Ol Şwesiýada iki aýal maşgala garşy jynsy zorluk edenlikde aýyplanýar. Assanj özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

“Wikileaks” internet saýty Amerikanyň gizlin diplomatik kabelleri diýilýän dokumentleri çap edensoň meşhurlyga eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG