Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda köpçülikleýin amnistiýa yglan ediler


Özbegistanyň parlamentiniň ýokarky palatasy ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 19-njy ýyl dönümi mynasybetli amnistiýany tassyklady.

Amnistiýa aýal maşgalalar, 60 ýaşdan geçen erkek adamlar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we daşary ýurt raýatlary düşer. Emma agyr jenaýatlarda we terrorizmde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilenler bu amnistiýa düşmez.

Amnistiýa baradaky kanun eýýäm ýurduň parlamentiniň aşaky palatasyndan hem geçdi. Indi munuň güýje girmegi üçin prezidentiň tassyklamagy gerek.

Özbegistanda Konstitusiýa güni 8-nji dekabrda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG