Sepleriň elýeterliligi

Köpri – halklaryň ýoly


Amyderýanyň üstünden geçen öňki köpri

Amyderýanyň üstünden geçen öňki köpri

Öňki Türküstanyň çäklerinde harby hereketler tamamlanan badyna demir ýollaryň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilipdi. Krasnowodskiden – Şagadamdan başlanan demir ýol 1886-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Çärjewe ýetirildi. Şonda derýanyň üstünden köpri gurmak zerurlygy ilkinji nobatda harby-ykdysady maksatlar sebäpli ýüze çykypdyr.

Bu ýerden uzynlygy 2070 metr bolan agaç köpri gurlupdyr. Ol köpriniň gurluşygy general M.N. Annenkowyň ýolbaşçylygynda alnyp barlypdyr. Ol aslynda dört sany aýry-aýry körüden ybarat bolup, olaryň arasynda-da daşdan, betondan hem gumdan galdyrylan berkitmeler bolupdyr. Ýöne soňra ol barha ösýän talaby kanagatlandyryp bilmändir. Könelişensoň onuň üstünden geçmek uly howp hem döredipdir.

Ýolagçy otlusynda şol agaç köpriniň üstünden geçen bir rus syýahatçysy şeýle ýatlama galdyrypdyr: “Otlynyň gaty ýuwaş ýöreýändigine seretmezden, derýany ortalaberenimizde, köpri çaýkanyp başlady. Şakyrdap-jygyldap ses edýän köpri iki ýana yraň atýardy. Oturan tarapymyz suwa ýakynlaberse, bar agramymyzy beýleki tarapa atýardyk-da, gözümizi ýumup Hudaýy çagyrýardyk. Minutlar ýyla dönüpdi. Otly sag-aman kenara ýetende, begenç gözýaşymyzy saklap bilmän, biri-birimizi bagrymyza basdyk.”

Agaç köpri rus imperiýasynyň talaplaryny ödäp bilmejekdi. Sebäbi sebitdäki geosyýasat hem ykdysady bähbitler ägirt giň gerime eýedi. Şonuň bilen birlikde tehniki täzelikler gün saýyn ösýärdi. Çärjewe ýetirilen demir ýoly şol ýerde bes etmek asla maksada laýyk däldi. Şonuň üçinem haýal etmezden ol köprini has düýpli hem döwre laýyk gurmak zeruryýeti ýüze çykýar.

Täze dermir ýol köprüsiniň gurluşygyna 1898-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda başlanyp, 1901-nji ýylyň 27-nji maýynda hem doly gurlup gutarypdy. Oňa inzener S.I. Olşewskiý ýolbaşçylyk etdi. Orsýetiň inzenerçilik tejribesinde çalt akýan we akym ugruny ýygy-ýygy üýtgedip durýan şeýle joşgunly derýanyň üstünden köpri gurmak tejribesi ýokdy. Şol döwürde Amyderýa köprüsi öz uzynlygy boýunça dünýäde 3-nji, rus imperiýasynyň çäginde bolsa 1-nji orunda durýardy. Köpriniň gurluşygy üçin zerur enjamlar we materiallar rus imperiýasynyň dürli ýerlerinden we rus telekeçileriniň üsti bilen daşary ýurtlardan getirilipdi. Gurluşyga şol döwrüň hasaby bilen ägirt uly serişde, 3,5 million çemesi altyn rubl, derýanyň kenarlaryny berkitmek üçin-de 1,5 million altyn rubil harç edilipdir.

Biziň günlerimize çenli mizemän duran bu köpri ençeme gezek wagtyň hem tebigatyň synagyndan geçmegi başardy. 1969-njy ýylyň gazaply gyşynda Amyderýa galyň buz gatlagy bilen örtülip, Çärjew şäherini hem onuň töweregini suw basmak howpy abanandy. Derýanyň buzuny partladyp döwdüler. Şonda köpriniň aşagynda köp mukdarda buz dykyny emele geldi. Ol ýerde suwuň güýçli basyşy döredi. Ýöne köpri sarsman durup bildi.

Taryhy maglumatlara görä, Amyderýanyň üstünden gurlan ilkinji köpri biziň eýýämimizden öňki döwre gabat gelýär. Ol Özbegistanyň Termez şäheriniň golaýynda gurlupdyr. Arheologlar ol köpriniň bişen kerpiçden örülen sütünleriniň derýanyň aşagynda saklanyp galandygyny anyklapdyrlar. Ony Aleksandr Makedonskiý gurdurandyr diýip çaklaýarlar. Ikinji köpri ýokarda agzalan agaç köpri bolmaly. Üçünji köpri häzirki demir ýol köprüsidir.

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda,Termez şäheriniň golaýyndan, Özbegistan bilen Owganystany birleşdirýän demir ýol köprüsi guruldy. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolansoň, Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsi guruldy. Häzir şol ýerden awtoulag köprüsiniň gurluşygy-da alnyp barylýar. Ol köpriniň esasy sütünleriniň eýýäm gurlandygyny Kerkiniň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Amyderýanyň üstünden beýleki bir köpriniň gurluşygynya baryp Soýuz döwründe başlanypdy. Ol Seýdi şäheriniň gabadynda bolup, ol köpriniň gurluşygy SSSR dargansoň togtap galypdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ol köpriniň gurluşygyny dowam etdirmäge görkezme berdi. Ony türkiýeli gurluşykçylar gurup başladylar, ýöne häzir ol ýene togtadyldy. Şeýle hem prezident Berdimuhamedow Farabyň deňinde awtoulag köprüsiniň hem guruljakdygyna söz beripdi. Welaýatyň ýaşaýjylary ýakyn wagtda onuň gurluşygynyň başlanjakdygyna umyt edýärler.

Heňňamlar özgerýär. Imperiýalar synyp, olaryň ýerinde täze döwletler peýda bolýar. Köprüler galýar. Kenarlary birleşdirip, uzak ýollary ýakyn edip, adamlara hyzmatyny dowam etdirýär. Munuň iň aýdyň mysaly 110 ýyllap halka bökdençsiz hyzmat eden Çärjew-Farap aralygyndaky demir ýol köprüsi hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG