Sepleriň elýeterliligi

Merkel we Sarkozi: ýewrozona täze ylalaşyk gerek


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýewro zonasynda häzirki bergi krizisiniň gaýtalanmazlygy üçin Ýewropa Bilelişigi barada täze ylalaşyga gol goýmaga çagyrýarlar.

Parižde Merkel bilen duşuşandan soňra prezident Sarkoziniň aýtmagyna görä, ony ÝB-niň 27 agzasynyň makullamagy gerek. Ýöne ony kabul etmek üçin ýewrozonanyň 17 agzasynyň ylalaşmagy hem kabul ederlikli diýilýär.

Bu ylalaşyga ÝB-niň beýleki agzalary hem meýletinlikde gol goýup bilýärler.
XS
SM
MD
LG