Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki gazaklaryň lideri Aşgabatdan goýberilmedi


Golaýda Türkmenistandaky etniki gazaklaryň belli lideriniň Aşgabatdan Almata gitmegine rugsat edilmedi.

56 ýaşly Bisengul Begdesenowyň Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtmagyna görä, 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy oňa Almata uçmaga rugsat bermändir.

Resmiler Begdesenowa Baş prokuraturanyň onuň ýurtdan çykmagyna rugsat etmeýändigini aýdypdyrlar.

Maý aýynda Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň sudy Begdesenowy Türkmenistandaky etnik gazaklaryň goňşy Gazagystana gitmegi boýunça galplyklar edenlikde we para alanlykda günäli tapdy.

Şonda sud Bisengul Begdesenowy şertli ýagdaýda 5 ýyl azatlydkan mahrum etdi. Ol suduň jaýyny erkin terk etdi. Emma özüni bellik etdirmäge we şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum edilenlere gözegçilik edýän Aşgabatdaky ofiserlere yzygiderli maglumat bermäge borçly edildi.

Begdesenowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň kanuny şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum edilenlere gysga möhletleýin ýurtdan çykmaga rugsat edýär.

1995-nji ýylda Türkmenistanda 90 müň çemesi etnik gazak ýaşaýardy. Emma olaryň müňlerçesi Türkmenistany terk etdi.
XS
SM
MD
LG