Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda prezidentlik möhleti 5 ýyla getirilýär


Duşenbe güni Özbegistanyň parlamentiniň ýokarky öýi – Senaty prezidentlik möhletini üýtgetmek baradaky kanuny makullady. Oňa görä, prezidentlik möhleti ýene-de 5 ýyla getirilýär.

2002-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen milli referendumda prezidentlik möhletini 7 ýyla getirmek tassyklanypdy. Şondan bäri häzirki prezident Islam Karimow diňe 2007-nji ýylda täzeden saýlandy.

Karimowyň ýene-de ikiden köp möhlete prezident bolmagy göz öňünde tutýan bolmagy mümkin.

Özbegistanyň Baş kanuny prezidentiň diňe iki möhlete galmagyna rugsat edýär.

73 ýaşly Karimow üç möhlete prezident boldy we iki gezek referendum arkaly prezidentlik möhletini uzaltdy.

Täze kanuny parlamentiň aşaky öýi eýýäm makullady. Indi oňa diňe prezident Karimow gol goýmaly.
XS
SM
MD
LG