Sepleriň elýeterliligi

Müsürde saýlawlaryň ikinji tapgyry dowam edýär


Müsürde şu gün saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň ikinji güni dowam edýär.

Fewral aýynda Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarek agdarylanyndan soň, bu ýurtda ilkinji demokratik saýlawlar hasaplanýar. Bu saýlawlarda 52 ýere şahsy kandidatlar dalaş edilýärler. Olar 498 orunlyk parlamentiň aşaky palatasynyň üçden bir bölegini eýelärler.

Saýlawlaryň ýene iki tapgyry geçirilip, olar ýanwar aýynda tamamlanar.

Geçen hepdede geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň aglabasyny “Musulman doganlygy” syýasy topar gazandy, ondan soň sesleriň möçberi boýunça “Yslamçy salafiler” durýar.
XS
SM
MD
LG