Sepleriň elýeterliligi

IIM-niň goşunlary Moskwa şäherine getirildi


Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlardan soň ýüz beren protest çykyşlary sebäpli, Moskwada howpsuzlyk ýagdaýy berkidilýär.

Howpsuzlyk ýagdaýynyň derejesiniň ýokary galmagy bilen Orsýet Içeri işler ministrliginiň goşunlaryny Moskwa şäherine getirdi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Wasiliý Pançenkow polisiýa güýçleriniň jemlenmegi diňe raýatlaryň howpsuzlygyny goramak üçin edilýär diýdi. Ol jemlenen goşunyň sany barada maglumat bermedi.

Şaýatlar Moskwanyň merkezine esgerler bilen doldurylan awtoulaglaryň barýandygyny aýdýarlar. Adyny aýtmadyk polisiýa sözçüsine salgylanyp, şäherde howpsuzlyk derejesiniň ýokary duýduryş derejesindedigini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň netijesine nägilelik bildirip, hepdäniň duşenbe güni Moskwada müňlerçe adam protest demonstrasiýalaryny geçirdiler.

Häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” – “Bütewi Orsýet” partiýasy bu saýlawlarda sesleriň agalaba köplügini gazandy.

Şu gün bu partiýanyň tarapdarlary hem Moskwada köpçülikleýin ýöriş geçirýärler.
XS
SM
MD
LG