Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Orsýetiň saýlawlaryny adalatsyz hasaplaýar


Şu gün ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillari Klinton Döwlet Dumasyna saýlawlarda bidüzgünçiliklere ýol berlenligini aýdyp, Orsýeti tankytlady. Klinton bu saýlawlary adalatsyz diýip atlandyrdy.

Bu barada Hillari Klinton saýlawlara gözegçilik edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Wilnýusda geçirilýän daşary işler ministrleriniň geňeşinde eden çykyşynda aýtdy.

Saýlawlarda premýer-ministr Wladimir Putiniň partiýasy Dumanyň aglaba köplügini eýeledi.

Klinton orsýetli ses berijileriň saýlawlarda goýberilen bidüzgünçilikleriň derňelmegini talap etmäge haklydygyny nygtady we Orsýetiň häkimiýetlerini ses berişlikde goýberilen ýalňyşlary hem-de beýleki bidüzgünçilikleri derňemäge çagyrdy.

Litwanyň paýtagtynda geçýän maslahata Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem gatnaşdy, ýöne ol Klinton bilen aýratyn duşuşmagy planlaşdyrmady.

Oppozisiýa partiýalarynyň wekilleri hem-de saýlawlara gözegçiler ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda düzgün bozmalaryň bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG