Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda pagta önümleriniň 1-nji halkara sergisi açyldy


Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň öndürýän pagta önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy açyldy.

Bu sergini gurnamak bilen, dünýä jemgyýetçiligini ýurduň oba hojalyk pudagyndaky ösüşleri bilen tanyş etmek, dünýäniň öňdebaryjy önümçiligi boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda daşary ýurtly kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri bilen bilelikde iş alyp barmak maksat edinilýär.

Pagta Türkmenistanyň oba hojalygynyň esasy önümçiligi hasaplanýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň pagta önümleri Hytaýa, Orsýete, Ukraina, Britaniýa, Koreýa Respublikasyna, Türkiýä, Eýrana we beýleki birnäçe ýurtlara eksport edilýär.
XS
SM
MD
LG