Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Türkmen diliniň okuw kitaby çap edildi


“Türkmen diliniň GDA ýurtlary üçin okuw kitaby” atlandyrylan neşir Orsýetiň Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary institutynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça kafedrasy tarapyndan çap edildi. Onuň awtory türkolog alym Elwira Grunina.

Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça kafedranyň ýolbaşçysy Žibek Saparbekowa kitabyň çap edilmeginiň maksady barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—Ilkinji maksat GDA döwletlerini Garaşsyz Türkmenistan bilen tanyşdyrmak, ýurtda häzirki döwürde bolup geçýän prosesleri görkezmek, şeýle-de türki dilleriň arasynda öwrenmesi iň kyn dilleriň biri bolan türkmen diline ünsi çekmekden ybarat.

GDA döwletleriniň gumanitar hyzmatdaşlyk fondunyň goldawy bilen çap edilen kitap 7-nji dekabrda Moskwada köpçülige hödürlener.

“Türkmen diliniň GDA ýurtlary üçin okuw kitaby” atlandyrylan bu neşir Moskwanyň “Gündogar edebiýaty” neşirýatynda çapdan çykdy.

Täze neşir okuw kitabynyň ikinji bölümi bolup durýar, birinji bölümi 2010-njy ýylda çap edilipdi.
XS
SM
MD
LG