Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýer planetasyna kybapdaş planetanyň üsti açyldy


Ýer planetasyna meňzeş, Günden 600 ýagtylyk ýyl aralygynda ýerleşýän hem-de ýyldyzyň daşyndan aýlanýan planetanyň üsti açyldy.

ABŞ-nyň NASA kosmos agentliginiň alymlary bu planetany “Kepler-22b” diýip atlandyrdylar. Bu planetanyň ýerleşişi ýaşaýşyň möhüm elementi bolan suwuk suw jisminiň saklanmagyna amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Bu planeta Ýerden takmynan iki esse uly we ol NASA tarapyndan üç ýyl mundan ozal işe girizilen “Kepler” teleskopy arkaly tapyldy.
XS
SM
MD
LG