Sepleriň elýeterliligi

Ors paýtagty Moskwada müňlerçe adam proteste çykdy


Proteste gatnaşan 10 müňe golaý adam “Putin ýok bol!”, “Putinsiz Orsýet!” diýip gygyryşdylar.

Proteste gatnaşan 10 müňe golaý adam “Putin ýok bol!”, “Putinsiz Orsýet!” diýip gygyryşdylar.

Moskwada 5-nji dekabr gijesi geçirilen protestiň Orsýetiň oppozisiýasynyň soňky ýyllardaky iň uly protesti bolan bolmagy mümkin. Geçen agşam 10 müňe golaý adam 4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna bolan saýlawlaryň netijelerinden närazylyk bildirdi.

Synçylaryň pikiriçe, bu protest çäresi saýlawlarda premýer-ministr Wladimir Putiniň ýolbaşçylyk edýän “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny ”Bütewi Orsýet” partiýasynyň peýdasyna edilen köp sanly galplyklar sebäpli boldy.

Geçen agşam Moskwada howanyň sowukdygyna we ýagyş ýagýandygyna garamazdan, resmi taýdan rugsat edilen proteste gatnaşan 10 müňe golaý adam “Putin ýok bol!”, “Putinsiz Orsýet!” diýip gygyryşdylar.

4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna geçen saýlawlar bilen bagly Putiniň we onuň ýolbaşçylyk edýän partiýasynyň garşysyna köp närazylyk bildirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bu saýlawlary “çäkli syýasy bäsleşikli we ýeterlik adalatly bolmadyk” diýip atlandyrdy. Saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz “Golos” guramasy hem saýlawlardaky bikanunçylyklar we häkimiýetleriň eden-etdilikleri barada 1,500-den gowrak şikaýatyň gowşandygyny habar berdi.

Geçen agşamky protest wagtynda çykyş eden oppozisiýa lideri Wladimir Ryžkow “Roýtere” saýlawlaryň resmi netijelerine kanuny diýip garamagyň mümkin däldigini aýtdy:

—Sesleriň takmynan 10-15 prosenti galplyklaryň we protokollaryň täzeden ýazylmagynyň netijesi. “Bütewi Orsýet” partýasynyň gazanan sesleri 35 prosentden köp däl. Belki-de, ondanam azdyr. Onuň üçin iň ýaramaz ýagdaýlar bir milliondan gowrak ilatly şäherlerde boldy. Ol bu şäherlerde üstünlikli bolanda, 20-25 prosent ses aldy. Şunlukda, bu utulyş. “Kommunistik”, “Adalatly Orsýet” we LDPR partiýalarynyň ýeňşi olaryň ýeňşi däl-de, protest hökmünde berlen sesleriň netijesidir.

Döwlet Dumasyna saýlawlarda galplyklaryň bolandygy aýdylsa-da, “Bütewi Orsýet” partiýasynyň gazanan 49 prosentden gowrak sesi 2007-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda gazanan seslerinden ep-esli az hasaplanýar. Şonda ol sesleriň 64 prosentini alypdy.

Tanymal şahsyýetler hem bar

Boris Nemsow protestler mahalynda, Moskwa, 5-nji dekabr.

Boris Nemsow protestler mahalynda, Moskwa, 5-nji dekabr.

Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň habaryna görä, birnäçe müň protestçi Moskwadaky “Çistyýe prudy” atly metronyň ýanyndaky bulwara ýygnanypdyr. Olaryň arasynda korrupsiýa garşy blogçy Alekseý Nawalnyý, ýazyjy we liberal Dmitriý Bykow, Moskwanyň golaýyndaky Himki şäheriniň tokaýlaryny goramak boýunça hereketden Ýewgeniýa Çirikowa, oppozisiýa lideri Boris Nemsow we ýaşlar guramasynyň başlygy Ilýa Ýaşin hem bardy.

Boris Nemsow Döwlet Dumasyna saýlawlary “Putiniň we onuň ogry-jümrülerden düzülen partiýasynyň derbi-dagynçylykly ýeňlişi” diýip atlandyrdy we galplaşdyrma faktlary hem başga-da kanun bozmalar barada müňlerçe habarlaryň gowşandygyny aýtdy:

—Biz häzir şol haramzadalara garşy jenaýat işini açmak barada kampaniýa başlaýarys. Olar biziň 13 million sesimizi ogurladylar. Olar Moskwada 25 prosent sesem alyp bilmediler. Emma 46 prosent ses alandyklaryny aýdýarlar. Biziň synçylarymyz bütin ýurtda uçdantutma kanun bozmalary hasaba aldylar. Şunlukda “Bütewi Orsýetiň” liderleri özlerini nähili alyp barsalar-da, umuman, olara hiç kim ynanmaýar.

Bazarda işleýän 28 ýaşly Gennadiý hem saýlawlaryň netijelerinden närza adamlary goldamak üçin proteste gelendiklerini aýtdy:

—Biz bu ýere gelmegi karar etdik. Çünki biz bazar güni we şol gün agşam bolan zatlary gördük. Biz “YouTube” saýtynda goýlan saýlawlardaky galplyklary we býulletenleriň sandyklara neneňsi atylyşyny görkezýän wideoýazgylary gördük. Biz öz dostlarymyza, garyndaşlarymyza we olaryň dostlaryna “Bütewi Orsýet” partiýasyna ses bermezligi haýyş etdik. Emma saýlawlaryň netijeleri ynanar ýaly däl. Şonuň üçin-de biz bu ýere özümiz ýaly saýlawlaryň netijeleri bilen ylalaşmaýanlary goldamak üçin geldik.

Habarlara görä, Moskwadaky protestlerde 300 çemesi adam tussag edilipdir. Şeýle-de Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýerleşýän jaýyna tarap ýörişe başlan ýüzlerçe adam saklandy we awtobuslara salyndy.

Duşenbe güni Sankt-Petergburgda bolan protestde hem 100 çemesi adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasynyň duşenbe güni ýaýradan beýannamasynda Moskwada geçen dynç günleri azyndan 300 çemesi adamyň tussag edilendigi habar berilýär. Gurama häkimiýetleri tussag edilenleriň ählisini boşatmaga çagyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG