Sepleriň elýeterliligi

Özbek studenti polisiýada sorag edileninden soň özüni öldürdi


Özbegistanyň Andijan şäherinde 32 ýaşly student polisiýada uzaga çeken sorag edişlikden soň öz janyna kast etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy habar berýär.

Gulsumoi Abdujalilowa Germaniýanyň uniwersitetinde okaýardy we Özbegistana dynç alyşa baranda dermanyň aşa köp bölegini içip öz janyna kast edipdir. Bu waka geçen ýekşenbede ýüz berdi.

Özbegistanyň adam hukuklary boýunça hökümete degişli bolmadyk guramasynyň başlygy Ýelena Urlaýewanyň aýtmagyna görä, Abdujalilowa Özbegistana gelende Andižanyň polisiýasy tarapyndan dört günläp sorag edilipdir we oňa bosgunlykdaky Özbegistanyň halk hereketi oppozisiýa toparynyň lideri Muhammad Saliha garşy beýanatlary ýazmak barada basyş edilipdir.

Sorag edilende Abdujalilowanyň ýenjilendigi hem aýdylýar.

Urlaýewanyň aýtmagyna görä, Abdujalilowa ölmezinden öň ýazan hatynda şeýle setirler bar: “Olar menden käbir oppozisiýadaky aktiwistleri öldürmegi talap etdiler, ýöne men başga bir adamyň janyna kast edenimden öz janymdan geçenimi dogry hasapladym”.
XS
SM
MD
LG