Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa Eýrana garşy sanksiýalaryny güýçlendirýär


Tähranyň ýadro programmasy bilen baglylykda Awstraliýa Eýrana garşy sanksiýalaryny giňeltdi.

Awstraliýanyň daşary işler ministri Kewin Rad bu sanksiýalaryň Eýranyň ballistik raketasy we ýadro programmasy boýunça iş alyp barýan adamlara we kompaniýalara garşy gönükdirilendigini aýdýar.

Şeýle hem sanksiýalar baradaky beýanatda Eýranyň nebit we maliýe pudagy bilen bagly Awstraliýanyň biznes alyp barmaklygynyň hem çäklendirilýändigi aýdylýar.

Sanksiýalaryň girizilmegine geçen hepdede Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edilmeginiň hem-de Halkara atom energiýasy gullugynyň Eýranyň atom ýaragyny öndürmek boýunça işleýändigi baradaky hasabatynyň sebäp bolandygyny Rad belledi.
XS
SM
MD
LG