Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýokary derejeli resmilere näme üçin käýinç berildi?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatynda, 2011-nji ýyl.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatynda, 2011-nji ýyl.

Resmi Aşgabat Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky maslahatynda Türkmenistanyň prezidentiniň Neşä garşy döwlet gullugynyň başlygy Aman Garaýewe berk käýinç yglan edendigini habar berýär. Şeýle hem prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministriniň orunbasary Berdimuhammet Rejebowy, IIM-niň Lebap welaýat departamentiniň başlygy Kakamyrat Berkeliýewi wezipelerinden boşatdy. Prezident Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ministri Gurbanmämmet Elýasowa bolsa berk käýinç yglan etdi.

Resmi maglumatlarda bu çäreler agzalan emeldarlaryň “işde goýberen kemçilikleri sebäpli” görüldi diýlip görkezilýär. Türkmenistan häzir uly syýasy wakanyň, geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidatlaryň hödürlenmeginiň bosagasynda dur. Prezidentiň soňky gören çäreleriniň muňa dahyly barmy? Resmilere näme üçin käýinç berildi? Şu mesele boýunça Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýokary derejeli çinowniklere garşy şeýle berk çäreleriň şu wagt görülmegine ilat köpçüliginde nähili garaýyşlar, pikirler bar?

Amanmyrat Bugaýew: Ýolbaşçylara duýduryş-käýinç berlende-de, hatda wezipesinden boşadylanda-da aç-açanlyk, aýdyňlyk ýok. “Işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip, käýinç berilýär ýa işden boşadylýar, wessalam. Ýol berlen kemçiligiň nämedigini çen-çak bilen gözlemeli bolýar. Çen-çakyň bolsa hakykata çapraz gelmegem mümkin, hakykaty ýoýmagam mümkin.

Azatlyk Radiosy: Beýleki postsowet döwletleriniň habar agentliklerine syn edip görýäris. Pylan çinownige, pylan ministre käýinç berildi diýlen zat ýok. Türkmenistanda bar.

Amanmyrat Bugaýew: Çakym çak bolsa, yglan edilýän käýinçler, işden boşatmalar döwlet baştutanynyň ýurtda bolup geçýän ähli zatdan habarlydygyny, hiç zady ünsden düşürmeýändigini halk köpçüligine aýan etmek üçin edilýän propagandistik ädimem bolmagy mümkin. Sebäbi aňyrsy bir hepdeden Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärleri hödürlemek kampaniýasy başlanýar. Häzirki yglan edilýän käýinçler şonuň öňüsyrasyndaky propagandistik matlap bilen edilýän iş bolmagy juda ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Nyýazow döwründe-de köp ýokary derejeli ýolbaşçylara berk käýinç berildi, wezipeden kowuldy. Şol tendensiýa Berdimuhamedow döwründe-de, habarlardan belli bolşy ýaly, dowam edýär. Munuň düýp sebäbi nämeden ybarat?

Amanmyrat Bugaýew: Munuň düýp sebäbi köplenç şol wezipä bellenýän adamlar öz ýolbaşçylyk edýän pudagynyň işine näbelet adamlar, ýa bellenen ugry boýunça spesialist däl, ýa-da spesialistem bolsa, şol ugurdan tejribesi juda az adamlar bellenýär. Şahsy wepalylyk, şahsy gatnaşyklar esasynda ýüzugra bellenilýär, soňam käýinç yzyna käýinç.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat, bu işleriň netijesi barasynda, şol adamlaryň etmişi barasynda irde-giçde halka dogry maglumat berilýärmi?

Amanmyrat Bugaýew: Ýok, şeýle maglumat halk köpçüligine hiç wagtam ýetirilmeýär, hatda käbir ýokary wezipeliler işden boşadylandan soňra türmä-de ýollanýar, ýöne munam halk diňe il içindäki myş-myşlardan bilip galýar. Resmi metbugatda bu zatlar hakynda gürrüň edilmeýär.

Käýinç yglan edilenleriň arasynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri-de bar. Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezidentlige hödürlenende, ol ynanylan adam hökmünde Berdimuhamedowyň kandidaturasyny mahabatlandyrypdy. Berdimuhamedowyň terjimehalyny, onuň iş başarjaňlyk ukybyny saýlawçylara ýetiren Gurbanmämmeit Elýasowdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen häkimiýetleri ýurtda demokratik reformalaryň geçirilýändigini aýdýarlar. Ine, şunuň ýaly berk käýinçleriň, wezipeden boşatmalaryň düýp sebäbi barasynda maglumat berilmezligini ilat köpçüligi nämeden görýär?

Amanmyrat Bugaýew: Sebäbi ýapyklyk, ýaşyrynlyk. Ähli zat perdäniň aňyrsynda galýar. Aç-açanlyk ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG