Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Klinton: öňki sowet ýurtlarynda reforma gerek


Klinton Litwanyň paýtagty Wilnýusda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň derejesinde geçirilýän maslahatda, 6-njy dekabr.

Klinton Litwanyň paýtagty Wilnýusda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň derejesinde geçirilýän maslahatda, 6-njy dekabr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton ozalky sowet respublikalaryny has köp demokratik reformalary amala aşyrmaga we adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy. Şeýle-de Klinton Orsýetde ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlaryny tankytlady.

Klinton Litwanyň paýtagty Wilnýusda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň derejesinde geçirilýän maslahatda çykyş edip, Orsýeti ÝHHG-niň saýlawlar boýunça gözegçileriniň beren rekomendasiýalaryna görä hereket etmäge çagyrdy:

—Biziň köp ýerde, hususan-da Orsýetde Duma geçirilen saýlawlaryň dowamynda şaýat bolşumyz ýaly, saýlawlar açyk we adamlaryň erk-islegine görä geçirilmeýär. Biz beýle saýlawlaryň geçirilişine juda ýiti alada bildirýäris. “Parnas” ýaly garaşsyz, syýasy partiýalaryň hasaba alynmak haky hem inkär edildi. Şeýle-de ÝHHG-niň deslapky hasabatynda saýlaw güni ses berijileriň sanawyny bulaşdyrmak, saýlaw bukjalaryny doldurmak ýaly we başga-da käbir alada döredýän işleriň edilendigi nygtalýar.

Klinton iki günüň içinde eýýäm iki gezek Orsýetde Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlar boýunça alada bildirip çykyş etdi. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Klintonyň belliklerinden soň, ÝHHG-niň ministrlerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. Emma Klintonyň tankytlaryna häzire çenli hiç hili resmi reaksiýa ýok.

Belarus

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary özüniň çykyşynda ozalky sowet respublikalarynda demokratiýanyň kemterlik edýändigini we adam hukuklarynyň bozulmalaryna ýol berilýändigini hem belläp geçdi. Ol, hususan-da, Belarusdaky adam hukuklarynyň bozulmalaryna, şol sanda 2010-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko garşy çykan kandidatlaryň tussag astyna alynmagyna we geçen aýda adam hukuklary boýunça belli aktiwistiň türme tussaglygyna höküm edilmegine ünsi çekdi:

—Bu ýerden 40 km. uzaklykda ýerleşýän Belarusda adam hukuklaryny goraýjylar dowamly yzarlanmalara sezewar edilýär. Ales Belýatskiý ýaly adamlar salgyt galplyklarynda aýyplanyp, dört ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ýöne döwletiň nazarýetinde olaryň asyl günäsi hökümetiň repressiýasy netijesinde ejir çekenlere kömek etmegi boldy. Demokratik oppozisiýadan prezidentlige dalaş eden Andreý Sannikau we Makalaý Statkewiç hem beýleki syýasy tussaglar bilen birlikde, indi hökümetiň basyp ýatyrmak çärerlinden bir ýyl çemesi wagt geçensoň hem, entegem tussaglykda saklanýarlar.

Ukraina

Klinton Ukrainada hem demokratiýa boýunça yzagaýdyşlyk bara meňzeýär diýdi. Ol ýurduň ozalky premýer-ministri, prezident Wiktor Ýanukowiçiň garşydaşy Ýuliýa Timoşenkonyň tussag edilmeginiň arakasynda-da syýasy matlaplaryň duran bolmagynyň mümkindigi barada söz açdy:

—Biz demokratik institutlarda, kanunyň üstünliginde, saýlaw prosesinde yzagaýdyşlyklary görýäris. Biz Ukrainada Ýuliýa Timoşenko ýaly adamlaryň hem yzarlanmalara duçar bolýandygyna şaýat bolýarys. Timoşenkonyň syýasy matlaplar bilen sud edilmegi dürli soraglary döredýär.

Merkezi Aziýa

Şeýle-de Hillari Klinton öňki Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýyny özgertmäge we demokratik reformalary ýaýbaňlandyrmaga çagyrdy:

—Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen Owganystan, söwda, energiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýandygyna garamazdan, biz Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyzyň – hem hökümetleriň hem-de graždan jemgyýetçiliginiň – demokratik reformalary amala aşyrmagyna we esasy adam hak-hukuklaryna has köp hormat goýmaklaryna itergi bermäge dowam ederis.

Žurnalistleriň goragy

Birleşen Ştatlar, Niderlandlar, Şwesiýa, Kanada we beýleki döwletler ÝHHG-niň häzirki elektronik zamanda žurnalistleriň fundamental azatlyklaryny gorajak dokumenti kabul etmegini gazanmak üçin basyş görkezýärler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde, Belarusda, Orsýetde we Türkiýede internet giňişliginde iş alyp barýan bloggerleriň we beýleki žurnalistleriň yzarlanmagy babatda aladalar bar.
XS
SM
MD
LG