Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ internetde Eýran üçin “wirtual ilçihana” açdy


6-njy dekabrda Birleşen Ştatlar internetde Eýran üçin “wirtual ilçihana” açdy. Onuň internet saýty iňlis we pars dilinde.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň “wirtual ilçihananyň” açylmagy bilen bagly eden wideo-ýüzlenmesinde aýtmagyna görä, onuň esasy maksady Amerikanyň we Eýranyň raýatlarynyň arasynda dialogy ýola goýmak.

ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasy 1979-njy ýylda Eýrandaky yslam rewolýusiýasynda radikal yslamçylar 52 çemesi amerikan diplomatyny zamun alandan soňra ýapyldy. Olar 444 günden soňra azatlyga çykdylar.

Şol wakadan soň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar kesildi.
XS
SM
MD
LG