Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek serhetçileri gyrgyz raýatyny boşatdylar


Özbegistanly serhetçiler 4-nji dekabrda tussag edilen gyrgyz raýatyny boşatdylar. Mansurbek Bekeşow özbek häklimiýetleri tarapyndan serhedi bozanlykda aýyplanypdy.

Iki ýurduň serhedindäki Sakaldy obasynda ýaşaýanlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, Mansurbek Bekeşow 280 dollar möçberinde jerime salnandan soňra boşadylypdyr.

6-njy dekabrda “Sakaldy” serhet-barlag nokadynyň gyrgyz tarapynyň başlygy Bozulan Mamyşowyň Azatlyk Radiosyna beren habaryna görä, özbek serhetçileri Bekeşowy ýekşenbe güni tussag edipdirler.

Mamyşow gyrgyz raýaty Bekeşowyň azatlyga goýberilmagi barada gyrgyz resmileriniň özbegistanly serhetçiler bilen gepleşikler geçirendigini habar berdi.

Maý aýynda özbek serhetçileri Sakaldy obasynda gyrgyz raýatyny atyp öldürdiler. Emma bu waka bilen bagly hiç kim sud jogapkärçiligine çekilmedi.
XS
SM
MD
LG