Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda prezidentlik möhleti 5 ýyla getirildi


Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow
Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow
Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow prezidentlik möhletini 7 ýyldan ýene-de 5 ýyla getirdi. Onuň bu inisiatiwasy “demokratiýany has-da berkitmek” maksady bilen teklip edildi. Özbegistanyň parlamenti prezidentiň öňe süren inisiatiwasyny makullady.

“Interfaks” agentliginiň ýaýradan habaryna görä, Ýokary Mejlisiň Senaty 5-nji dekabrda geçiren masalahatynda bu karary kabul edipdir.

Senatyň kanunçylyk we sud-hukuk meseleleri boýunça komitetiniň resmisi prezidentiň inisiatiwasynyň 5-nji dekabrdaky maslahatyň gün tertibine girizilendigini tassyklady. Emma goşmaça maglumat bermedi.

Özbegistanda Karimowyň prezidentlik möhleti 2002-nji ýylyň ýanwar aýynda referendum arkaly 5 ýyldan 7 ýyla uzaldylypdy. Onuň 2007-nji ýyla çenli bolan prezidentlik möhleti täze özgerişlik boýunça birinji möhlet diýlip atlandyrylypdy. Karimow 2007-nji ýyldaky saýlaw bilen 7 ýyllyk möhlete täzeden prezidentlige saýlandy.

Analitikleriň çaklamalaryna görä, bu çäre iş ýüzünde onuň prezidentlik möhletini ýene-de uzaltmak üçin edýän aladasy bolmagy mümkin. Prezidentlik möhletini kemeltmek baradaky kanunyň kabul edilmegi bilen Karimowa üýtgedilen möhlet boýunça ýene-de iki gezek prezidentlige saýlanmaga hukuk berilýär.

Şeýlelikde, bu ýagdaýda, prezidentlik möhleti ýene-de başdan başlanar öýdüp çak edýän Karimowyň, Özbegistanyň Ýokary Mejlisinde tassyklanan kanun boýunça, 2022-nji ýylyň aýagyna çenli prezident bolup galmagy mümkin.

Nämäniň alamaty?

Özbegistanyň käbir güýç ulanyjy organlaryna ýakyndygy çak edilýän “Uzmetronom” internet gazeti bu özgerişlikler Islam Karimowyň mundan beýläk prezidentlige dalaş etmejekdiginiň alamaty diýip ýazýar.

“Eger-de töweregindäkiler onuň prezidentlik möhletini ýene kanuny esasda uzaltmagy berk talap etmeseler, Islam Karimow bu günki gün mundan beýläk prezidentlik kürsüsinde galmak höwesiniň ýokdugyny görkezdi” diýip, bu çeşme “Islam Karimowyň soňky möhleti” diýip atlandyrylan habarynda ýazýar.

Özbegistanly syýasaty öwreniji Kamoliddin Rabbimow bu täzeligiň Karimowyň ornuna geljek prezident üçin girizilýän bolmagynyň mümkindigini aýdýar:

—Soňky maglumatlara görä, bu karar prezidentiň inisiatiwasy bilen kabul edildi diýilýär. Emma bu inisiatiwa haçan çykdy? Bu hakda açyk aýdylmaýar. Analitikleriň käbirleri muny prezident Karimow ýene-de bir möhlet galmak üçin ýörite edýärler diýýärler. Emma men muňa goşulmaýaryn. Sebäbi prezident Karimowyň döwlet başynda galmagy üçin beýle inisiatiwalar zerur däl. Prezidentiň prezidentlik möhletini uzaltmak üçin, beýle syýasy oýunlar hökman däl. Meniň pikirimçe, munuň Karimowdan soň prezidentlige geljek kandidatlary wagt taýdan çäklendirmek maksady bilen edilýän bolmagy mümkin. Sebäbi dünýädäki tendensiýalara syn edýän prezident Karimowyň pikiriniň üýtgän bolmagy mümkin.

Özbegistanyň Konstitusiýasy bir adamyň iki möhletden artyk prezident bolmagyna ýol bermeýän hem bolsa, prezident Karimow 1991-nji ýylyň 29-njy dekabryndan bäri Özbegistanyň prezidentlik kürsüsini saklap geldi.

Prezidentlik wezipesinde galmak uçin Islam Karimow şu mahala çenli iki gezek referendum (1995-iň martynda we 2002-iň ýanwarynda) hem-de üç gezek prezidentlik saýlawlaryny geçirdi.
XS
SM
MD
LG