Sepleriň elýeterliligi

Prezident Nazarbaýewiň gyzy ýene sahna çykdy


Gazagystanyň prezidentiniň gyzy Dariga Nazarbaýewa

Gazagystanyň prezidentiniň gyzy Dariga Nazarbaýewa

Dört ýyl dowam eden arakesmeden soň, Gazagystanyň prezidentiniň gyzy Dariga Nazarbaýewa gaýtadan syýasat bilen meşgullanyp başlady. Ýakynda “Nur Otan” partiýasynyň gurultaýynda Dariganyň ady parlament saýlawlaryna dalaş edýän kandidatlaryň sanawyna goşuldy. 1-nji dekabrda bolsa Dariga Moskwanyň “Uly teatrynda” konsert bilen çykyş etdi.

1-nji dekabrda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp “Salam, Orsýet!” ady bilen Moskwanyň “Uly teatrynda” geçirilen konsertde Dariga bilen birlikde gazagystanly “Sazgen sazy” atly folklor-etnografik ansambly we beýleki aýdym-saz, tans toparlary çykyş etdiler.

Syýasy sahnada

Ýurtda bolup geçen soňky wakalar Dariganyň öňki adamsy Rahat Aliýewiň daşary ýurda gaçyp, prezident Nazarbaýewiň etmişleri barada kitap ýazmagy bilen bagly wakadan soň, Dariganyň diňe teatr hem konsert zallarynyň sahnasyna däl, eýse syýasy sahna hem gaýdyp gelýänine şaýatlyk edýär.

Noýabr aýynyň ahyrynda Gazagystany dolandyrýan “Nur Otan” partiýasynyň gurultaýynda Dariga Nazarbaýewanyň ady Mejlise deputatlyga dalaş etjek kandidatlaryň sanawyna goşuldy.

2007-nji ýylda Nazarbaýewiň öňki giýewsi Rahat Aliýew bilen bagly ýüze çykan dawadan soň, Dariga ýa adamsyna wepaly bolup, ýurtdan çetleşmek ýa-da Rahatdan geçip, Gazagystanyň syýasy durmuşynda galjak bolmak şertinden birini saýlamalydy.

Dariga ikinji ýoly, ýagny Nazarbaýewe garşy açyk çykyş eden adamsyndan geçmegi saýlady. Ol 2007-nji ýylyň ýazynda ýüze çykan “Rahatgeýt” dawasyna çenli Nazarbaýew bilen daşary ýurtlara resmi saparlara hem bile gidýärdi. Şonda synçylaryň köpüsi Dariga barada ol Nazarbaýewiň mirasdüşeri diýip ýazýardylar.

Şol döwürde gazak parlamentiniň deputaty Dariga Nazarbaýewa Konstitusiýa Nazarbaýewiň şahsy kultuny güýçlendirýän üýtgetmeleri girizmegi hem goldap çykyş etdi. Emma kakasyny goldap eden bu hereketleri Rahat bilen bagly wakalar ýüze çykansoň, Dariganyň syýasatdan çetleşdirilmeginiň öňüni alyp bilmedi.

2007-nji ýylyň tomsunda gazak parlamenti dargady. “Nur Otan” partiýasyna bolsa Nazarbaýewiň özi ýolbaşçylyk edip başlady. Şol 2007-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda Dariganyň ady dalaşgärleriň sanawyna goşulmady.

2007-nji ýyldan soňky döwürde Dariga Gazagystanyň ilkinji prezidentiniň fonduna ýolbaşçylyk etdi. Häzir hem hut şol fonduň ýolbaşçysy hökmünde onuň kandidaturasy parlament saýlawlarynda öňe sürülýär.

Aliýewe garşy syýasy yzarlamalar

Dariga öňki adamsy Rahat Aliýew bilen.

Dariga öňki adamsy Rahat Aliýew bilen.

Şol bir wagta Dariganyň öňki adamsy Rahat Aliýewe garşy syýasy yzarlamalar has hem güýjeýar. Oňa garşy birnäçe jenaýat işi gozgaldy. Aliýew 2008-nji ýylda hökümeti agdarmaga synanyşanlykda aýyplandy we gaýybana 40 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Dariga bolsa öňki adamsy bilen bagly bu ýagdaý barada gürrüň etmekden ýüz öwürýärdi.

Bu wakalardan bir ýyldan gowrak wagt geçensoň, Dariga “Sentr týažesti” internet saýty bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Meniň garaýyşlarym kan bir özgermedi. Ynsan hökmünde, ömrüňde iň bolmanda bir gezek hemmämiziň başymyza gaty möhüm synagyň düşýändigini aýdasym gelýar. Emma kynçylyklar adamyň ruhdan düşmegine sebäp bolmaly däl. Gaýtam, her bir waka bize durmuş sapagyny berip, biziň has paýhasly hem güýçli bolmagymyza täsir etmelidir”.

Žurnalistiň enäniň, ejäniň we aýdymçynyň rolundan haýsysy ýüregiňize has ýakyn diýen sowalyna Dariga “Ejenaiň hem enäniň roly maňa has ýakyn” diýip jogap berdi.

2008-nji ýylda “Moskowskiý komsomoles” gazeti bilen söhbetdeşlikde Gazagystanyň prezidenti bolmak ambisiýasynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada berlen sowala Dariga seresaplyk bilen “Şeýle ambisiýalar ne mende, ne-de meniň ogullarymda bar” diýip jogap berdi.

Dariga Nazarbaýewanyň öňki adamsy Rahat Aliýew gazak häkimiýetlerinden gaçyp, daşary ýurtlarda ýaşaýar. Ol häzir Nazarbaýwiň režiminiň esasy tankytçylarynyň birine öwrüldi.

14-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, Dariganyň täze konsertiniň gurnalmagyna garaşylýar. Ol gazak, rus, daşary ýurt klassyklarynyň aýdymlaryny, uruş döwrüniň romanslaryny hem aýdymlaryny aýdar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG