Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň Gaza eden hüjüminde palestin söweşijisi öldi


Ysraýyl Gaza zolagyna howa hüjümini amala aşyrdy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, hüjümde «Yslam jyhady» atly toparyň söweşijisi öldi, hem-de birnäçe palestinliler ýaralandy.

Ysraýylyň harbylarynyň aýtmagyna görä, Ysraýylyň howa hüjümi ýurduň günortasyna raketa hüjümini planlaşdyran söweşiji topara garşy gönükdirilipdir.

«Yslam jyhady» öleniň we ýaralananlaryň öz toparyna degişlidigini tassyklady.

Geçen noýabr aýynda Ysraýylyň territoriýasyna edilen birnäçe hüjümlerde we olara garşy hüjümlerde azyndan on sany palestinaly söweşiji we Ysraýylyň bir raýaty ölüpdi.
XS
SM
MD
LG