Sepleriň elýeterliligi

Günorta Owganystandaky partlama 19 adamy öldürdi


Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Helmand welaýatynda ýolda partladylan bomba azyndan 19 adamy heläk etdi.

Helmand welaýatynyň howpsuzlyk bölüminiň başlygy Mohammad Ismailiň berýän maglumatyna görä, ölenleriň arasynda 7 aýal hem-de 5 çaga bar. Ismail partlamada 5 sany adamyň ýaralanandygyny hem aýdýar. Ölenleriň we ýaralananlaryň ählisiniň graždan ilatdandygy habar berilýär.

Helmand welaýaty Owganystanyň iň howply regiony hasaplanýar. Daşary güýçler we owgan hökümeti Helmand welaýatyny hüjümçilerden saplamak maksady bilen mundan ozal howpsuzlyk operasiýalaryny amala aşyrdylar, ýöne bu häzirlikçe wagtlaýyn çäre bolmagynda galýar.

Helmanddaky partlamadan ozal, Owganystanyň şaýy ybadathanasynda bolan iki sany hüjüm 59 adamyň ölümine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG