Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ýurtlarynyň baş diplomatlary maslahat geçirýär


NATO döwletleriniň daşary işler ministrleri bileleşigiň Belgiýadaky baş edarasynda iki günlük maslahata ýygnandylar.

Maslahatda Owganystandaky we Pakistandaky ýagdaýlar, şeýle hem NATO-nyň Orsýet bilen gatnaşyklary baradaky meselelere garalýar.

NATO bilen Pakistanyň gatnaşyklary geçen aýda owgan serhedinde NATO-nyň howa hüjüminde 24 sany pakistanly esgeriň ölüminden soň dartgynlaşypdy.

Ministrleriň maslahatynda Owganystanyň geljegi barada geçen hepde geçirilen halkara konferensiýasynyň netijeleri barada gürrüň ediler.

Şeýle hem bileleşigiň Kosowadaky missiýasy meselesi şu günki maslahatyň gün tertibinde durýar.

Penşenbe güni geçiriljek maslahatda bolsa NATO-nyň Ýewropada raketadan goranyş sistemasyny ýerleşdirmek plany boýunça Orsýetiň aladasy barada maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG