Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti gyssagly ýagdaýda Kabula dolandy


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý şaýy ybadathanasynda ýüz beren bomba partlamasy sebäpli özüniň Ýewropa saparyny togtadyp, Kabula dolandy.

Kabulda ýerleşýän şaýylaryň ybadathanasynda sişenbe güni janyndan geçen hüjümçi azyndan 55 adamy öldürdi, 160-dan gowrak adamy bolsa ýaralady.

Şol bir wagtyň özünde ýurduň demirgazygyndaky Mazar-i-Şerifde ýüz beren bomba partlamasynda azyndan 4 adam öldi.

Kabuldaky hüjüm soňky ýyllaryň dowamynda şaýy azlyklaryna garşy gönükdirilen ilkinji uly hüjüm hasaplanýar.

Pakistanda ýerleşýän "Laşkar-e-Jhangwi" topary bu hujumleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG