Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors oppozisiýasy protestlerini dowam etdirmekçi


Orsýetiň oppozisiýa toparlary 4-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerene närazylyk bildirip, protest demonstrasiýalaryny dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde sişenbe güni Moskwada 560, Sankt- Peterburgda bolsa 250 protestçiniň tussag edilendigi habar berilýär.

Oppozisiýa toparlary demonstrasiýalary gurnamak üçin sosial ulgamy ulanyp gelýärler. Olaryň arasynda “Bütewi Orsýet” partiýasyny göz öňünde tutup, özüni “Kezzaplaryň we ogrularyň partiýasyna garşy” diýip atlandyran bir topar her gün agşam sagat 7-de proteste çykmaklygy teklip edýär.
XS
SM
MD
LG