Sepleriň elýeterliligi

Çilim krizisi dowam edýär


"Marynyň mahorkasy"

"Marynyň mahorkasy"

Türkmenistandaky çilim bilen bagly krizis dowam edýär. Emma ilkibada çilim gytçylygy hem-de gymmatlygy emele gelen bolsa, indi çilim gytçylygy aradan aýrylyp barýar. Çilimleriň assortimenti köpelýär. Bahalar hem birneme aşak düşdi.

Ilkibaşda çilimleriň bahalary 20 manat, 20 manatdan ýokary satylan bolsa, indi çilimleriň köpüsiniň bahalary 20 manada ýetenok. Häzir iň arzan çilimiň bir gabyny 10 manada satyn alyp bolýar. Emma çilimleriň bahasy krizisden öňki bahalardan azyndan 4-5 esse gymmat.

Çilim babatynda dörän ýagdaýa dürli garaýyşlar bar. Bir tarapdan, häzirki emele gelen ýagdaý çilimkeşleri bu zyýanly endikden el çekdirer diýen pikir bar. Dogrudanam, çilim çekmek endigini taşlan adamlar bar.

34 ýaşly aşgabatly Meýlis Durdyýew çilim çekmek endiginden el çekendigini aýdyp, şeýle diýdi:

—Men günde 1-1,5 gap çilim çekýärdim. Häzirki çilimiň bahasy boýunça azyndan her gün 20 manat sarp etmeli. Meniň 600 manat aýlygymy diňe çilime sowmaly bolardym. Şonuň üçin çilimi taşladym.

Emma çilimkeşleriň ählisi bu endiklerinden el çekip baranoklar. Şonuň üçin, häzirki çilim gymmatlygy ençeme çilimkeşleri çilimiň ýerini tutup biläýjek beýleki temmäki önümlerinden peýdalanmaga mejbur edýär.

Ýurtda häzir adaty çilimiň ornuny tutýan has meşhur temmäki önümi – "Marynyň mahorkasy". Bu mahorka gazet kagyzyna dolanyp çekilýär. Temmäki şybygyny hem şu mahorkadan dolduryp çekýänler bar. Bu mahorkanyň saglyga nä derejede zyýanly bolup biljegi barada lukmanlardan maglumat almak başartmady. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Mahorka çekip ýören 45 ýaşly Allamyrat şeýle gürrüň berýär:

—Häzirki mahorka diýip satylýan mahorkada temmäkiniň tagamy ýok. Agaç ýonuşkasyny çeken ýaly bolup dursuň. Adaty çilimden agyr. Öýkeniňi hem bitirýär diýip, gürrüň edýärler. Ýöne bahasy arzan bolýar. Bir gap çilimiň bahasyna 200-300 gram mahorka satyn alyp bolýar. Şybyk temmäkisi hem bar. Emma olaryň bahasy gymmat. 40 gram temmäkiniň bahasy 30-35 manat.

Çilimiň ornuny tutýan ýene-de bir serişde – kalýan. Kalýan esasan ýaşlaryň arasynda meşhur boldy. Ýaşaýayş jaýlarynyň podýezdlerinde, hatda seýilgählerde hem gijara üýşüp ýaşlar kalýan çekýärler. Köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri bolsa olaryň gündelik üýşýän ýerlerine öwrüldi. Bu ýagdaý ýaşaýjylary birahat edýär.

Çilim bilen bagly ýagdaýyň sebäpleri barada hem dürli çaklamalar bar. Çaklamalaryň biri Türkmenistanyň şu ýylyň maýyndan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagyndan ybarat. Konwensiýanyň 6-njy maddasynda beýan edilişine görä, temmäki önümlerine salgyt we nyrh babatda çäreleri görmeklik ilat arasynda çilime bolan islegiň kemelmegine ep-esli derejede täsir edýär diýilip bellenilipdir.

Çaklamalaryň ikinjisi, çilim biznesiniň eýeleriniň çalşygy bilen baglanyşdyrylýar. Çilim söwdasy Türkmenistanda monopol eýeçiliginde diýilip hasaplanýar. Ýurda kontrobanda usuly bilen çilim getirilýändigi barada hem maglumatlar bar. Hususanda, goňşy Özbegistandan çilim kontrabandasynyň amala aşyrylýandygyny lebaply ýerli çeşmeler aýdýarlar. Bu hili kontrabandanyň çilim krizisinden öň hem bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG