Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz müftisi orunbasaryny parahorlukda aýyplaýar


Gyrgyzystanly müfti Çubak hajy Jelilow özüniň öňki orunbasaryny haj zyýaratyny gurnanda para alanlykda aýyplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berdi.

Çarşenbe güni Jelilowyň metbugat gullugynyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Ubaýdilla Sarybaýewe garşy jenaýat işiniň açylmagy onuň “geçen ýyl haj zyýaratyny gurnanda parahorluga ýüz urandygy üçin jogapkärçilige çekilýändigini” aňladýar.

Sarybaýew 5-nji dekabrda wezipesinden boşadylýança dini işler boýunça resmi edaranyň Oşdaky bölüminiň başlygydy.

Sarybaýew Azatlyk Radiosyna parahorluk bilen bagly özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň toslamadygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG