Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda Merkezi Aziýadaky iň uly metjit gurulýar


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Merkezi Aziýada iň uly metjit boljakdygy aýdylýan gurluşyga sapar etdi.

Gazak prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Nazarbaýew Astanadaky “Hezreti Soltan” atly metjidiň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy.

Prezident bu metjidiň döwletiň däl-de, ýerli musulmanlaryň şahsy pullaryna gurulýandygyny aýtdy. Onuň açylyşy täze ýylda bolar.

Metjidiň umumy meýdanynyň18 müň kwadrat metr çemesi boljakdygy we ol ýerde 5 müň adamyň bir wagtda namaz okap biljekdigi habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, maý aýynda täjik häkimiýetleri regionda iň uly metjidiň Duşenbede guruljakdygyny yglan edipdi. Ol inwestorlaryň we katarly gurluşyk kompaniýalarynyň kömegi bilen gurlar.

Ýöne türkmen häkimiýetleri hem öňki prezidentiň doglan ýeri Gypjak obasyndaky metjidi Merkezi Aziýada iň uly metjit hasaplaýarlar.

Gypjakda 2004-nji ýylda gurlan metjidiň we onuň ýanyndaky prezident mawzoleýiniň bahasynyň 100 million amerikan dollaryna barabardygy habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG