Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Başar al-Assad özüni günäli saýmaýar


Birleşen Ştatlaryň aýtmagyna görä, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad hakykatlardan daşda ýa-da “aklyndan azaşan”.

Başar al-Assad ABŞ-nyň “ABC” telekanalyna beren interwýusynda öz režimine garşy proteste çykanlaryň müňlerçesini howpsuzlyk güýçleriniň öldürmegine özüniň jogapkär däldigini aýdandan soňra ABŞ şeýle beýanaty etdi.

Başar al-Assadyň şol interwýusynda nygtamagyna görä, “dünýäniň hiç bir hökümeti öz halkyny öldürmez, eger şol döwlete aklyndan azaşan biri baştutan bolmasa...”.

Ol Siriýadaky çaknyşyklarda ölenleriň aglabasynyň hökümetiň garşydaşlary däl-de, tarapdarlarydygyny belledi.

Başar al-Assadyň çykyşyna reaksiýa bildiren Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toneriň aýtmagyna görä, “Assad Siriýada bolýan hakykatlardan daşda ýa-da, öz interwýusynda belleýşi ýaly, “aklyndan azaşan”.
XS
SM
MD
LG