Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýa garşy täze gadaganlyklary yglan etdi


Çarşenbe güni Türkiýe Siriýanyň häkimiýetlerine garşy täze gadaganlyklary yglan etdi.

Bu sanksiýalar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy protestçilere repressiýalaryň dowam etdirilýändigi üçin girizilýär.

Türkiýäniň söwda ministri Haýati Ýazyjynyň sözüne görä, Siriýadan getirilýän harytlara 30 prosent gümrük salgydy goýlar.

Mundan başga-da, Ankara arap ýurtlaryndan import edilýän harytlary Siriýanyň üstünden sowa daşamagy göz öňünde tutýar.

BMG-niň maglumatyna görä, 9 aý çemesi Siriýada dowam edýän protestlerde häzire çenli 4 müňe golaý adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG