Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli protestçiler webden köçelere çykýarlar


Çarşenbe güni Duma saýlawlaryň netijelerine garşy Moskwada we Sankt-Peterburgda bolan protestlerde polisiýa ýüzlerçe adamy tussag etdi.

Çarşenbe güni Duma saýlawlaryň netijelerine garşy Moskwada we Sankt-Peterburgda bolan protestlerde polisiýa ýüzlerçe adamy tussag etdi.

Orsýetde 4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlaryň netijelerinden närza protestçiler internetdäki sosial saýtlar arkaly birleşýärler. Olar 10-njy dekabrda Orsýetde köpçülikleýin demonstrasiýa geçirmegi we 25 müňden gowrak adamy köçelere çykarmagy planlaşdyrýarlar.

Döwlet Dumasyna saýlawlarda galplyklaryň bolandygy aýdylandan soňra, 18 müň çemesi adam Kremle garşy närazylygyny bildirmek üçin, 10-njy dekabrdaky ähliumumy proteste gatnaşmak isleýändigini “Facebook” saýtynda habar berdi.

Orsýetiň “V kontakte” saýtynda bolsa 7 müň adam şol proteste gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Çarşenbe güni Duma saýlawlaryň netijelerine garşy Moskwada we Sankt-Peterburgda bolan protestlerde polisiýa ýüzlerçe adamy tussag etdi.

Oppozisiýanyň ýörişleri bir hususy media tarapyndan “Facebook rewolýusiýasy” diýlip atlandyryldy.

Moskwaly žurnalist we blogçy Ilýa Klişin 6-njy dekabrda geçirilen protestden dolanyp gelenden soňra, oppozisiýanyň 10-njy dekabrdaky mitingi barada “Facebook” saýtynda bildiriş goýdy.

Moskwa şäheriniň häkimiýetleri ilatyň proteste gatnaşmagyny togtatmak üçin özleriniň “Rewolýusiýa” meýdançasyny ýapjakdyklary baradaky habarlary inkär edýärler.

Klişiniň sözlerine görä, saýlawlaryň netijeleriniň “göz-görtele galplaşdyrylmagy” orsýetlileriň “sabyr käsesini doldurdy”:

—Moskwanyň käbir okruglarynda “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy sesleriň 90 prosentini alypdyr. Bu barypýatan galplaşdyrma we asla boljak zat däl. Meniň pikirimçe, adamlar muňa şahsy taýdan kemsidilmeleri hökmünde biynjalyk bolýarlar. Hut şu ýagdaý olaryň sabyr käsesiniň dolmagyna sebäp boldy.

Klişin özüniň haýsydyr bir syýasy toparyň agzasy däldigini we diňe saýlawlardaky bikanunçylyklar barada “YouTube” saýtynda goýlan wideo ýazgylary görenden soňra, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyna garşy bolandygyny aýdýar.

Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlar güni internetde saýlawlardaky galplyklar barada wideo-ýazgylar goýuldy. Olarda “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň tarapdarlarynyň 40 gezek ses berýändigi we beýleki bikanunçylyklar görkezilýär. Orsýetde 43 million adam internet ulanýar.

Ýazgylaryň roly

Orsýetli blogçy Aleksandr Morozow wideo-ýazgylaryň roluna ýokary baha berýär:

—Şol saýlawlary görkezen sosial saýtlar örän uly rol oýnaýarlar. Çünki, eger şolar bolmasady, onda biz Duma geçirilen saýlawlarda ençeme bikanunçylygyň bolandygyndan habarsyz bolardyk. Şonuň ýalyda, sosial saýtlaryň kömegi bilen saýlaw synçylary saýlaw merkezlerinde bolan bikanunçylyklar we eden-etdilikler barada giňden gürrüň bermäge ilkinji mümkinçiligi aldylar.

Häkimiýetler internetde garaşsyz habar beriş serişdeleriniň saýtlarynyň barha köpelýändiginden biynjalyk bolýarlar. Döwlet eýeçiligindäki telewideniýe bolsa protestler barada dymyp, prezident Dmitriý Medwedewiň we premýer-ministr Wladimir Putiniň oňyn çykyşlaryny berýärler.

Dargan Soýuzyň ahyrky lideri Mihail Gorbaçýow Duma saýlawlaryň netijlerini ýatyrmak we onuň täze tapgyryny geçirmek barada Putine aýdandygyny “Interfaks” agentligine habar berdi.

Çarşenbe güni orsýetli meşhur žurnalist Stanislaw Kuçer döwletiň eýeçiligindäki habar serişdelerde işleýän kärdeşlerini “professionallyga” we tussag etmeler, protestler barada habar bermäge çagyrdy. 7-nji dekabr gijesi bolsa “Rossiýa 1” federal telekanaly ilkinji gezek protestler barada wideo-ýazgy berdi.

Orsýetli meşhur blogçy Nawalnyý 5-nji dekabrdaky protest wagtynda tussag edilmezinden öň döwletiň eýeçiligindäki telewideniýäni tankytlady we öz egindeşlerini sesleriniň eşidilmegini gazanmaga çagyrdy.

Çarşenbe güni Nawalnyý suduň jaýynda žurnalistlere özüne garşy geçirilýän suduň “utançdygyny” aýtdy. Oňa 15 gün türme tussaglygyny bermek barada sud boldy.

Garaşsyz “Eho Moskwy”radiosynyň başlygy Alekseý Wenediktow Nawalnynyň tussag edilmegi “syýasy ýalňyşlyk bolup, bu ýagdaý ony internet liderliginden sesi sem edilen birine öwürdi” diýip “Twitter” hasabynda ýazdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG