Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar Eýranda “wirtual ilçihanasyny” döretdi


Iňlis we pars dillerindäki Waşingtonyň “Wirtual Eýran Ilçihanasy” diýip atlandyran websaýty sişenbe güni döredildi. Bu saýty açmak bilen, ABŞ Eýran bilen resmi diplomatik gatnaşyklarynyň üç onýyllygyň dowamynda ýoklugy sebäpli, eýran halky bilen aragatnaşygyny ýola goýmagy maksat edinýär.


Häzirki döwürde ABŞ-nyň Eýranda diplomatik missiýasy togtadylan. 1979-njy ýylda yslamçy söweşijiler we studentler 52 sany amerikalyny saklap, olary 444 günüň dowamynda ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynda zamunlykda sakladylar. Bu waka iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň kesilmegine getirdi. Şol sebäpli hem “Wirtual Eýran Ilçihanasy” diýlip atlandyrylan websaýty döretmek bilen, Birleşen Ştatlar eýran we amerikan halklarynyň arasynda dialogy ýola goýmaklygy maksat edinýär.

“Gorkusyz pikir alyşmak”

Saýtda pars diline terjimesi bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň saýty ulanmaga çagyryşy ýerleşdirilipdir. Bu çykyşynda Klinton iki ýurduň raýatlarynyň “açyk we gorkusyz pikir alyşmagyna” ýoluň açyljakdygyna umyt baglaýandygyny aýdýar:

— Sebäbi ABŞ bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýok. Biz siz bilen, Eýranyň graždanlary bilen dialogyň möhüm mümkinçiliklerinden mahrum bolduk. Ýöne häzir bizde täze tehnologiýanyň kömegi bilen bu ýetmezçiligiň öwezini doldurmaga mümkinçilik bar. Iki ýurduň hem-de her ýurduň halkynyň özara düşünişmegi üçin bizde indi mümkinçilik döreýär. Şol sebäpden hem biz şu wirtual ilçihanamyzy döretdik.

Saýtda onuň maksatlary barada has giňişleýin maglumat berilýär: “Bu websaýt resmi diplomatik missiýa däldir, şeýle hem bu Eýranyň hökümetinde akkreditasiýa edilen wekili ýa-da ABŞ-nyň hakyky ilçihanasyny aňlatmaýar. Göni gatnaşyklaryň bolmanlygy sebäpli, bu Amerikanyň we Eýranyň halky üçin köpri bolup hyzmat edip biler”.

Birleşen Ştatlaryň Tährandaky ilçihanasy ýapylaly bäri Waşington Eýrandaky öz diplomatik missiýasyny Şweýsariýanyň hökümetiniň üsti bilen alyp barýar.

Waşington Tähranyň ýadro programmasyny sorag astyna almak bilen Eýranyň garşysyna birnäçe sanksiýalary girizdi. ABŞ we halkara jemgyýetçilginiň aglabasy Eýranyň gizlinlikde ýadro ýaragyny öndürmek boýunça iş alyp barýandygyna güwä geçýär. Eýran bolsa özüniň ýadro programmasynyň parahat maksatlara gönükdirilendigini nygtaýar.

Taze “wirtual ilçihana” iki ýurduň halkynyň arasynda diňe ikitaraplaýyn gepleşikler platformasy bolman, eýsem ol pars we iňlis dillerinde ABŞ-nyň wizasy we ABŞ-da okuw düzgünleri barada maglumatlary berýär. Mundan basga-da, bu saýtda Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada halkara hasabatlar we graždan jemgyýeti barada makalalar çap edilýär.

Galplyklar we faktlar

Bu saýtda ABŞ barada adaty aýdylýan “galplyklara” garşy dogry düşünje bermäge, şeýle hem amerikan hökümetiniň Eýran baradaky pozisiýasyny dogry düşündirmäge synanyşyk edilýär. “Galplyklara garşy faktlar” at bilen berlen bölümde ýedi sany düşündiris berilýär. “Galplyk 1: ABŞ-nyň syýasaty Eýran halkyny basmaga, hökümetini bolsa agdarmaga gönükdirilen”.

Döwlet departamentiniň muňa jogaby: “Fakt: ABŞ-nyň syýasaty ähli halklaryň hukugyna we borçlaryna hormat goýmak bilen halkara düzgünlerini goldaýar. Pozitiw gün tertibi bilen Eýran elmydama garşy alynýan partnýor bolar. Ýöne Eýranyň hökümeti häzir negatiw içeri we daşary syýasatyny alyp barýar. Eýran ýadro ýaragyny döretmek barada planynyň ýokdugyny tassyklatmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerini ret edýär; Eýran bütin regionda terrorçy toparlary pul, ýarag bilen üpjün edýär, olar bilen türgenleşik geçirýär; olaryň käbirleri ABŞ-nyň Yrakdaky we Owganystandaky işgärlerine garşy gönükdirilen; ol Arab-Ysraýyl dawasynyň parahat ýol bilen çözülmegine päsgelçilik döredýär; ol öz raýatlarynyň ählimumy hukuklaryny ret edýär; eger-de Eýran öz raýatlarynyň hem-de goňşularynyň hukuklaryna hormat goýsa, ABŞ elmydama Eýranyň hukuklaryna hormat goýar”.

Websaýtyň açylmagy bilen Döwlet departamentiniň brifinginde eden çykysynda Döwlet sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Wendi Şermanyň aýtmagyna görä, Obamanyň administrasiýasy ABŞ-nyň eýran halkyna we onuň medeniýetine hormat goýýandygyna eýranlylaryň düşünmegini isleýär.

Çarşenbe güni Eýranyň häkimiýetleri ABŞ-nyň Eýrandaky onlaýn režimde döredilen “wirtual ilçihanasyny” petikledi. Bu saýta girmäge synanyşanlar “mümkin däl” diýen ýazgy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şeýlelikde, saýta girmek üçin petige garşy ýörite onlaýn programmasyny ulanmaly boljakdygy aýan boldy.
XS
SM
MD
LG