Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýetdäki protestler boýunça ABŞ-ny aýyplady


Premýer-ministr Wladimir Putin Orsýetiň parlament saýlawlary bilen bagly protestleri öjükdirýänlikde ABŞ-ny aýyplady.

4-nji dekabrdaky parlament saýlawlarynda düzgün bozmalaryň ýüz berendigi sebäpli geçirilýän gündeki demonstrsiýalar barada Wladimir Putin ilkinji gezek şu gün köpçülikleýin beýanat etdi:

—Men amerikan partnýorlarymyzyň ilkinji reaksiýasyny gördüm. Döwlet sekretarynyň ilkinji aýdan sözleri ses berişligiň erkin we adalatly bolmandygy baradaky saýlawlara beren bahasy boldy. Hillari Klinton bu beýanaty Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylarynyň hasabatyny almanka etdi. Ol protestçilere yşarat etdi, olar bolsa muny eşitdiler. Şeýlelikde, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldamagy bilen aktiw hereket etmäge girişdiler.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda Putiniň “Bütewi Orsýet” partiýasy sesleriň aglabasyny gazandy.

Soňky üç günüň dowamynda Moskwada we Sankt-Peterburgda ýüzlerçe protestçi tussag edildi.
XS
SM
MD
LG