Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň “wirtual ilçihanasynyň” ýol almajakdygyny aýdýar


Şu gün Eýranyň daşary işler ministrligi ABŞ-nyň “wirtual ilçihanasy” atly websaýtynyň Eýranyň halkyna ýetmejekdigini aýtdy.

Ministrligiň sözçüsi Ramin Mehmanparast döwlet telekanalynda eden çykyşynda ABŞ-nyň “wirtual inisiatiwasynyň” Amerikanyň ýalňyşlaryny düzetmejekdigini, şeýle hem ABŞ-nyň sözleriniň Eýran halkyna ýetmejekdigini mälim etdi.

Iňlis we pars dillerindäki Waşingtonyň bu saýty sişenbe güni döredilip, Eýranyň halky bilen dialogy giňeltmekligi maksat edinýär.

Eýranly internet ulanyjylaryň aýtmaklaryna görä, Eýranyň häkimiýetleri ABŞ-nyň “wirtual ilçihanasyny” döredileninden bir gün soň petikläpdir.

Döwlet departamentiniň bu barada çykaran beýanatynda “Eýranyň hökümeti yzarlamak we senzura etmek maksady bilen Eýran halkynyň daşynda elektron perdäni döredýändigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýlip bellenilýär.
XS
SM
MD
LG