Sepleriň elýeterliligi

Sowet Soýuzynyň dargamagyna 20 ýyl doldy


Şu gün Sowet Soýuzynyň dargamagyna 20 ýyl doldy. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Orsýetiň, Ukrainanyň we Belarusyň liderleri Boris Ýelsin, Leonid Krawçuk we Stanislaw Şuşkewiç Belarusyň Belowež tokaýlygynda duşuşdylar we Sowet Sosialistik Soýuz Respublikalarynyň halkara hukugynyň subýekti we geosyýasy hakykat hökmünde güýjüni ýitirýändigini yglan etdiler.

Duşuşyga gatnaşan liderler ozalky soýuzyň ýerine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny - meýletin bileleşigi döredip, “Belowež” Şertnamasyna gol çekdiler, şeýle hem Sowuk urşuň tamamlandygyny bellediler.

1990-njy ýylyň mart aýyndan başlap, 1991-nji ýylyň ahyryna çenli 15 sowet respublikasynyň ählisi öz garaşsyzlygyny yglan etdi.

Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Kommunistik partiýasy tarapyndan dolandyrylan döwletde syýasy we ykdysady liberallaşma gönükdirilen hereketler başlandy.

2005-nji ýylda şol döwrüň ors prezidenti Wladimir Putin Sowet Soýuzynyň dargamagyny 20-nji asyryň “iň uly geosyýasy betbagtçylygy” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG