Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Çehiýanyň resmileri bilen gepleşik geçirdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew söwda we raketadan goranyş meseleleri boýunça Çehiýa respublikasynyň resmileri bilen Pragada duşuşyk geçirýär.

Duşuşyklaryň çäginde Pragada geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Dmitriý Medwedew Döwlet Dumasynyň täze düzüminiň, 4-nji dekabrdaky saýlawlarda düzgün bozmalara garşy protest aksiýalaryna garamazdan, öz işine girişmelidigini aýtdy.

Medwedewiň sözlerine görä, häzirki wagtda esasy mesele adamlary köşeşdirmekden ybarat. "Eger-de geçen saýlawlar barada adamlarda aýtmaga zat bolsa bu adaty ýagdaý, çünki protest aksiýalary demokratiýa mahsus hereket" diýip, Medwedew jurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Prezident Medwedew Çehiýa respublikasyna sapary wagtynda prezident Waslaw Klaus bilen gepleşikler geçirdi.
XS
SM
MD
LG