Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki azeri resmisi “garşylyk hereketini” döredýär




Golaýda Azerbaýjanyň parlamentiniň öňki spikeri Rasul Guliýew azerbaýjanlylary öz täze döredýän “Garşylyk hereketine” goşulmaga çagyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy habar berýär.

Rasul Guliýew “YouTube” saýtynda goýan wideoýazgysynda 1996-njy ýylda öňki prezident Haýdar Aliýewiň garşysyna protest hökmünde parlamentiň spikeri wezipesinden çekilendigini habar berýär:

—Men ýurdy terk edelim bäri siziň kömegiňiz bilen Azerbaýjanda käbir özgerişleri amala aşyrmaga synanyşdym. Gynansak-da, 1995-nji ýyldan bäri Azerbaýjanda geçirilen saýlawlaryň ählisi galplaşdyryldy we 1996-njy ýyldan ýurdy dolandyrýan režimde korrupsiýa ösdi. Azerbaýjandaky döwlet gurluşlary garaşsyz däl.

64 ýaşly Guliýewiň sözlerine görä, ýurtda ähli meseläni prezident Ylham Aliýew çözýär. Ol bu hakda şeýle diýýär:

—Patyşanyň islegi bilen ilatyň aýlyklary galdyrylýar, kesilýär, adamlar türmä basylýar, türmeden boşadylýar ýa-da tussaglara günä geçiş yglan edilýär. Azerbaýjanda hukuk bazasy ýok.

ABŞ-da ýaşaýan Rasul Guliýewiň ýene-de aýtmagyna görä, eger Azerbaýjanda şeýle ýagdaýlar dowam etse, onda ýurtda “haosyň we düzgünsiz protestleriň bolmagy, gan dökülmegi, daşary ýurt interwensiýasynyň bolmagy mümkin. Hatda Azerbaýjanyň 1991-nji ýyldan bäri ýitiren territoriýasyndan has köp territoriýany ýitirmegi-de ahmal.

Guliýew “YouTube” saýtynda goýan wideoýazgysynda “garşylyk hereketini” döretjekdigini yglan edýär we Azerbaýjanyň halkyndan oňa goşulmagy haýyş edýär:

—Men ýurtdaky ähli nogsanlara garşy durmak üçin täze internet tehnologiýasyny ulanyp, “Garşylyk hereketini” döretmekçi. Men blog açyp, öz pikirlerimi okyjylar bilen paýlaşmakçy. Men hökümetiň mundan beýläk saýlawlary galplaşdyryp bilmejekdigini duýmagyny isleýärin. Çünki biz olara muny etmäge ýol bermeris.

Prezident Ylham Aliýewiň ikinji prezidentlik möhleti 2013-nji ýylda tamamlanýar. Emma ýurduň Baş kanunyna girizilen goşmaçalar prezidentlik möhletiniň çäklendirilmegini ýatyrdy.

Rasul Guliýewiň “Açyk jemgyýet” partiýasynyň başlygy Wagif Mahmudowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu wideoçykyş azerbaýjan halkynyň öz ykbaly ugrunda saýlawlar arkaly göreşmegi we halkyň öz maksadyna ýetip bilýändigini görkezmek üçin edildi.

Guliýew Azerbaýjan parlamentine 1993-1996 ýyllarda ýolbaşçylyk etdi. Ol 1996-njy ýylda öz wezipesinden çekildi we ýurdy dolandyrýan partiýadan çykmaga mejbur edildi. Mundan soňra Guliýew Amerika gitdi we öňki prezidentiň hem onuň hökümetiniň ýiti tankytçysyna öwrüldi. Ol Aliýewiň maşgalasynyň ýurdy dolandyryşyny tankytlaýan kitaplary hem ýazdy.

Azerbaýjan häkimiýetleri Rasul Guliýewi korrupsiýada, döwletiň emlägini öz haýryna peýdalananlykda we başga-da ykdysady jenaýatlarda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG