Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremle garşy köpçülikleýin protestler geçirilýär


Şenbe güni Orsýetiň oppozisiýa toparlarynyň ýolbaşçylygynda ýurtda hökümete garşy ählihalk ýörişi geçirilýär. Bu çäre soňky onýyllygyň dowamynda saýlawlaryň netijesine närazylyk bildirip hem-de “syýasy tussaglaryň” azat edilmegini talap edip geçirilýän iň uly ýöriş bolup durýar.


Orsýetde oppozisiýa köpçülikleýin protest geçirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:11 0:00


Onlarça müň orsýetliler şenbe güni Kremle garşy protest geçirmek üçin köçelere çykdylar. Bu çäräni birnäçe şäherlerde geçirmeklik planlaşdyrylýar.

Internetdäki sosial ulgamyň üsti bilen jemlenen oppozisiýanyň protest çykyşlarynda täzeden parlament saýlawlaryny geçirmeklik, şeýle hem hepdäniň dowamynda ýörişlerde tussag edilenleriň azat edilmekleri talap edilýär. Şol ýörişlerde polisiýa 1000-e golaý adamy tussag etdi.

Protestlerden öň, daşky gurşawy goraýjy aktiwist, graždan jemgyýetiniň baş liderleriniň biri Ýewgeniýa Çirikowa Azatlyk Radiosynyň Ors gullugyna şeýle diýdi:

—Müňlerçe adam diňe Moskwada däl, eýsem Orsýetiň 80 şäherinde meýdançalara çykar. Russiýa Federasiýasynyň taryhynda bu ilkinji gezek bolýar. Ozal bular ýaly çäre hiç haçan geçirilmändi. Raýatlar ahyry soňy oýanýarlar we hakyky raýata öwrülýärler.

Moskwadan 8 sagat tapawut edýän gündogardaky Wladiwostokda 500-den 1000-e çenli adam eýýäm köçelere çykdy. Şol bir wagtyň özünde Uzak Gündogardaky Habarowskda 100-e golaý adam tussag edildi. Azatlyk Radiosynyň Ors gullugy bu protestleri göni efirde alyp görkezýär.



Moskwada häkimiýetler howpsuzlyk derejesini güýçlendirdiler. Wertolýotlar Moskwanyň howasynda gözegçilik edýär. Bu seýrek ýagdaý we, umuman, diňe planlaşdyrylan protestler sebäpli amala aşyrylýar.

Şu hepdäniň başynda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň müňlerçesi paýtagta jemlendi. Şenbe güni ir ertirden nol gradus garly howada Rewolýusiýa meýdançasynyň golaýynda eýýäm onlarça polisiýa awtoulagy ýerleşdirildi.

“Facebook” saýtynda 36 müň orsýetli Moskwada demonstrasiýalara çykjakdygyny mälim etdi. “Vkontakte” saýtynda bolsa 21 müň adam ýörişe goşuljakdygyny ýazdy.

Meşhur blogger we de fakto oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň we “polisiýanyň düzgünlerini bozany üçin” 15 gün tussag edilen “Solidarnost” toparynyň lideri Ilýa Ýaşiniň aktiwligini gören häkimiýetleriň ýörişler baradaky aladalary ýitileşdi.

Çirikowanyň aýtmagyna görä, häkimiýet başyndaky "Bütewi Orsýet" partiýasyny “kezzaplaryň we ogrularyň partiýasy” diýip atlandyran Nawalnyý Orsýetiň nägile orta gatlagyny hereketlendirmegi we birleşdirmegi başardy.
XS
SM
MD
LG