Sepleriň elýeterliligi

German polisiýasy neo-nasist ganhorlary bilen ilteşikli adamy tutdy


German polisiýasy dokuz emigranty we bir poliseý aýaly atyp öldürmekde aýyplanýan neo-nasist topar bilen ilteşikli diýilýän adamy tussag etdi.

36 ýaşly erkek gündogar Germaniýada, prokurorlar deliller onuň gizlinlikde işleýän Milli Sosialistler bilen ilteşiklidigini aňladýar diýenlerinden soň, öý öýünde tussag edildi.

Bu terrorçy topar 2000 we 2007-nji ýyllar aralygynda 8 türki, 1 gregi hem german poliseýini öldüren diýip bilinýär.

Tutulan adam terrorçy toparyň agzalaryna galp dokumentler bilen ýaşamaga we bilinmän terror hüjümlerini amala aşyrmaga kömek edendir öýdülýär.
XS
SM
MD
LG