Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa çaknyşyklaryndan azyndan 21 adam öldürildi


Siriýada düýn ýurt boýunça bolan çaknyşyklarda azyndan 21 adamyň öldürilendigini aýdylýar.

Adam hukuklary boýunça Siriýa obzerwatoriýasy ölenleriň aglabasynyň Homs we Hama şäherlerindendigini habar berýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän topar demirgazykdaky Idliw welaýatynda agyr pulemýot oklarynyň sesiniň eşidilendigini we daňdanlar iki sany bronly transportuň otlanandygyny aýdýar.

Iordaniýa bilen serhediň golaýynda hem goşunlar bilen goşundan gaçan harbylaryň arasynda çaknyşyk bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG