Sepleriň elýeterliligi

Eýran Hazardan täze gaz ýatagyny tapandygyny aýdýar


Eýranyň nebit ministri ýurduň Hazar deňzinden äpet uly gaz ýatagyny tapandygyny aýdýar.

Ministrligiň internet saýtynda Rostam Kasseminiň sözlerine salgylanyp, bu gaz ýatagynyň Eýranyň deňiz territoriýasynda, 700 metr çuňlukda ýerleşýändigi we onda 50 trillion kub fut gazyň bardygynyň çaklanýandygy aýdylýar.

Kassemi Eýranyň Hazar deňzinde, soňky tapyndyny goşmanyňda, 11 trillion kub metr anyklanan gaz ätiýaçlygynyň bardygyny aýtdy.

Eýran Orsýetden soň iň gaza baý ýurt hasaplanýar we tebigy gazynyň köp bölegini ýurt içinde ulanýar.
XS
SM
MD
LG