Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji millarderi oppozisiýa hereketine başlaýar


Düýn Tbiliside Gürjüstanyň iň baý adamsy Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky täze hereketiň ilkinji jemgyýetçilik ýygnagyna gatnaşmak üçin birnäçe müň adam ýygnandy.

«Gürji arzuwy» jemgyýetçilik hereketiniň baştutany Iwanişwili ýygnakda çykyş edip, «Ýurduň ýolbaşçylary doly surnukdy... we jemgyýetiň hem döwletiň ösüşindäki esasy päsgelçilige öwrüldi» diýdi.

55 ýaşyndaky Iwanişwili prezident Mihail Sakaşwilini iş başyndan çekilmäge çagyrdy.

2003-nji ýylda köçe demonstrasiýalary netijesinde häkimiýete gelen Sakaşwili halk protestleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Garşydaşlary ony azatlyklary bogmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG